Ne­bit pu­da­gyn­da iş alyp bar­ýan “To­ta­lE­ner­gi­es” kom­pa­ni­ýa­sy Fran­si­ýa­da önüm­çi­lik kuw­wa­ty 160 gi­ga­wat/sa­ga­da ba­ra­bar bo­lan bio­gaz önüm­çi­lik des­ga­sy­ny aç­dy. Fran­si­ýa­nyň gü­nor­ta-gün­ba­ta­ryn­da­ky Mu­renks­de şä­he­rin­de ýer­leş­ýän “Bi­oBéarn” at­ly des­ga şeý­le za­wod­la­ryň iň ulu­sy bo­lar. Şeý­le­lik­de, bu des­ga kom­pa­ni­ýa­nyň on se­ki­zin­ji bio­gaz önüm­çi­lik za­wo­dy bo­lar. Ha­bar ber­li­şi­ne gö­rä, tä­ze des­ga 2023-nji ýyl­da 69 GWt bio­gaz ön­dü­rer hem-de bio­ga­zyň çalt ös­ýän is­le­gi­ne bag­ly­lyk­da önüm­çi­li­gi­ni do­wam eder. “To­ta­lE­ner­gi­es” -iň Bi­oBéarn tas­la­ma­sy ta­ry­hy gaz se­bi­ti bo­lan bu ýer­de aras­sa ener­gi­ýa­nyň bu gör­nü­şi­ni yzy­gi­der­li üp­jün et­mä­ge müm­kin­çi­lik be­rer. Şeý­le­lik­de, bu tä­ze des­ga ýyl­da 32 müň ton­na kö­mür­tur­şy ga­zy­nyň ho­wa goý­be­ril­me­gi­niň öňü­ni alar. Tas­la­ma­ny dur­mu­şa ge­çir­mek 2016-njy ýyl­da me­ýil­leş­di­ril­di. Onuň gur­lu­şy­gy­na se­bi­tiň eda­ra-kär­ha­na­la­ry hem go­şant goş­dy. Ola­ryň ara­syn­da eke­ran­çy­lyk we azyk se­na­ga­ty bi­len meş­gul­lan­ýan eda­ra-kär­ha­na­lar hem bar.
“To­ta­lE­ner­gi­es” Fran­si­ýa­nyň öň­de­ba­ry­jy ener­gi­ýa kom­pa­ni­ýa­sy bo­lup, soň­ky ýyl­lar­da aras­sa ener­gi­ýa çeş­me­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­ma­ga has köp ma­ýa go­ýum goý­ber­ýär.

Aý­gül An­na­dur­dy­ýe­wa, Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by