1. Ga­har­ly wag­tyň gaý­ta­wul ber­mek­den ga­ça dur­mak: ga­har­ly wag­tyň ber­len jo­gap ýag­da­ýy kyn­laş­dy­ryp bil­ýär. Ulu­dan dem alyp, bir­nä­çe se­kuntdan soň jo­gap ber­mek ýer­lik­li­dir.
  2. Demiňi dür­se­mek: ulu­dan dem al­ma­ly. 4 se­kun­dyň için­de ulu­dan de­mi­ňi al­ma­ly, 4 se­kunt sak­la­ma­ly we 4 se­kunt­da goý­ber­me­li. He­re­ket et­mek, gezelenje çyk­mak ýa-da ge­rin­mek hem özü­ňi dür­se­mä­ge ýardam edýär. Suw iç­mek, ýü­zü­ňi ýuw­mak hem be­de­ni gow­şa­dýar.
  3. Duý­gy-dü­şün­je­le­ri­ňi aýt­ma­ga sy­na­nyş­mak: öý­ke­ländigiňi aýtmaly (gy­gyr­maly däl-de, özü­ňi nä­hi­li duý­ýan­dy­gy­ňy aýtmaly). Gaharlanmaga sebäp bolan zatlary ka­gy­za ýa­zyp, soň ýyr­typ hem bi­ler­si­ňiz.
  4. Ün­sü­ňi sow­ma­ga çalyş­mak: halaýan aý­dy­my­ňy, sa­zy­ňy diň­le­me­li, gül­kü­li wi­deo gör­me­li. Öz-özü­ňden «Şu ýag­da­ýyň bir hep­de soň me­niň üçin peý­da­sy bar­my?» di­ýip so­ra­ma­ly.
  5. Em­pa­ti­ýa: gar­şyň­da­ky ki­şi­niň nä­me üçin beý­le he­re­ket ed­ýän­di­gi­ni dü­şün­mä­ge sy­na­nyş­ma­ly. Her ki­miň hem kyn gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýän pur­sat­la­ry bo­lup bi­ler.
  6. Fi­zi­ki iş­jeň­li­gi ýe­ri­ne ýe­tir­mek: sport bi­len meş­gul­lan­mak ga­har­ly wag­tyň be­den­dä­ki ar­tyk­maç ener­gi­ýa­dan saplanmaga kö­me­k eder.
  7. Oňyn pi­kir­len­mek, iç­gep­let­me ýö­ret­mek: «Bu ýag­da­ýy so­wuk­gan­ly bo­lup ýe­ňip bi­le­rin» di­ýen söz­ler bi­len öz-özü­ňe te­sel­li ber­me­li.
    Şu usul­la­ryň haý­sy­sy si­ze oňaý­ly bol­sa, ula­nyp gö­rüň! Öý­ke­li, ga­har­ly wag­ty­ňyz­da bu usul­la­ry ýe­ri­ne ýe­tir­mek kyn bo­lup bi­ler, em­ma wag­tyň geç­me­gi bi­len özü­ňi­zi ele alyp, oňat ne­ti­je­ ga­za­nyp bi­ler­si­ňiz.

Aga­my­rat Na­za­row, pe­da­gog-psi­ho­log.