8-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow awgust aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna guramaçylyk-taýýarlyk işleri bilen tanyşdy.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hazaryň ajaýyp kenarynda ýerleşýän “Awaza” köpugurly sport toplumyna geldi. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda geçiriljek halkara foruma görülýän taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyz toplumyň binalarynda we onuň çäginde ähli zerur mümkinçilikleriň döredilmelidigini, merkezi girelgäniň öňünde häzirki zaman tehnologiýalarynyň esasynda döredilen enjamlaryň ornaşdyrylmalydygyny, olarda bolsa halkara maslahata degişli nyşanlaryň göze gelüwli görnüşde ýerleşdirilmelidigini belledi. Olarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar öz beýanyny tapmalydyr.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň üstüni ýetirjek halkara forumda garaljak meseleleriň we kabul ediljek çözgütleriň oňa gatnaşýan döwletleriň arasynda gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirip, Milli Liderimiz maslahata gatnaşyjylaryň toplumyň çägindäki seýilgähde gezelenç edip bilmekleri, oňaýly dynç almaklary üçin ähli zerur şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny nygtady. Şunda myhmanlaryň metbugat maglumatlary bilen tanyşmaklary, özara söhbet etmekleri babatda hem degişli mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde hyzmatlar ulgamynyň işiniň ýola goýulmagyna zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi. Bu künjegiň dünýä derejeli halkara çäreleriň geçirilýän merkezine öwrülmegi Awazanyň derejesini has-da belende göterýär. Bu ýerde BMG-niň howandarlygynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça maslahaty geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň, şeýle-de “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň dünýä derejesindäki abraýynyň belende galýandygynyň aýdyň nyşanydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri myhmanlaryň ulaglar bilen üpjünçiligine möhüm üns berilmelidigini aýdyp, häzirki zaman ýolagçy awtobuslarynda halkara çärä degişli ýazgylaryň ýerleşdirilmeginiň ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy degişli ugurlara gözegçilik edýän ýolbaşçylaryň halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde alnyp barylýan işler baradaky maglumatlary bilen tanyşdy.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň içine girdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda işlenip taýýarlanylan şekil taslamalary we maslahata taýýarlygyň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan guramaçylyk işleri barada maglumat berdi.
Milli Liderimiz toplumyň ähli çäginde, ilkinji nobatda, ýangyn howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, halkara forumy ýokary derejede geçirmek maksady bilen, onuň dolandyryş binasynyň enjamlaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir. Dolandyryş merkezinde maslahatyň guramaçylyk ýagdaýynyň ähli ugurlary gözegçilikde saklanylmalydyr. Munuň özi halkara çäreleriň talabalaýyk guralmagynyň wajyp şertini üpjün eder. Forumy guramaçylykly geçirmek boýunça ýaýbaňlandyrylan taýýarlyk işleriniň anyk meýilnama esasynda alnyp barylmalydygyna ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu ugra degişli düzümleriň sazlaşykly işiniň ýola goýulmagynyň ähmiýetini belledi.
Çäräniň geçirilýän ýerinde dünýäniň dürli dillerinde degişli ýazgylar, şygarlar göze gelüwli ýagdaýda ýerleşdirilmelidir. Şeýle-de halkara maslahata gatnaşyjylaryň forum bilen baglanyşykly isleg-arzuwlary içgin öwrenilmelidir. Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlykdan habar berýän wideoýazgylar görkezilmelidir.
Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde görkezilýän şekil taslamalary bilen tanyşdy. Onda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek halkara foruma taýýarlygyň çäklerinde toplumyň abadanlaşdyrylyş we enjamlaşdyrylyş derejesine, onuň bölümlerinde döredilýän şertlere degişli taslamalar, çyzgylar görkezildi. Şol bir wagtyň özünde toplumyň binalarynyň aýratynlyklary, çäräniň çäklerinde göz öňünde tutulýan duşuşyklaryň, degişli ugurlar boýunça bölümçelerdäki maslahatlaryň geçiriljek otaglarynyň taýýarlyk derejesi barada maglumatlar berildi.
Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy. Toplumyň binalarynyň abadanlaşdyrylyşynyň, olaryň bezeg aýratynlyklarynyň we desgalaryň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi möhüm talap hökmünde kesgitlenendir. Umuman, binalarda döredilýän mümkinçilikler halkara forumyň derejesine we ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna laýyk gelmelidir. Toplumyň binalarynyň ýörite gurlan dälizler arkaly birikdirilmegi, olaryň ugrunda bolsa türkmen halkynyň bagtyýar durmuşyna, halkara maslahata gatnaşýan ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýeten derejesine degişli maglumatlary beýan edýän sergileriň guralmagy forumyň ähmiýetini has-da artdyrar we onuň köpugurly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer.
Milli Liderimiz forumyň many-mazmuny barada aýratyn belläp geçmek bilen, onuň dünýä üçin uly syýasy, ykdysady, durmuş we ynsanperwerlik ugurlar boýunça möhüm ähmiýetiniň bardygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri Bitarap Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda halkara hyzmatdaşlyga, ilkinji nobatda, BMG tarapyndan amala aşyrylýan uzak möhletleýin, giň möçberli strategiýalara, maksatnamalara we taslamalara saldamly goşant goşýandygyny aýratyn nygtady. Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylda Türkmenistanyň başlangyjy bilen paýtagtymyzda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. Şeýle hem 2022-nji ýylda BMG-niň howandarlygynda ýurdumyzda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň maslahaty boldy. Şu ýylyň awgustynda bolsa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň nobatdaky forumynyň geçirilmegi Türkmenistanyň BMG tarapyndan taýýarlanylan maksatnamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli amal etmegi we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça tagallalary utgaşdyrmagy baş maksat edinýändigini görkezýär. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar.
Soňra Milli Liderimiz toplumyň binalarynyň enjamlaşdyrylyş derejesi bilen gyzyklandy. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek forumda çykyş edýänler, terjimeçiler hem-de forumyň geçişini beýan etjek žurnalistler üçin ähli zerur şertler döredilmelidir. Bu ýerde aragatnaşyk we internet ulgamlarynyň sazlaşykly, bökdençsiz işi ýola goýulmalydyr. Bu babatda meýletinçi-ýardamçylaryň alyp barýan işlerine möhüm ähmiýet berilmelidir. Dünýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň taýýarlan maglumatlaryny öz ugurlary boýunça iberip bilmekleri üçin zerur mümkinçilikler göz öňünde tutulmalydyr. Şeýle hem binalarda ses-akustika meseleleri ýokary derejede çözülmelidir. Munuň özi forumyň ähli ugurlarynyň halkara giňişlikde doly derejede wagyz edilmegine oňyn täsirini ýetirer. Gahryman Arkadagymyz forumyň köp ugurlary öz içine almalydygyny aýdyp, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmezligi babatda degerli maslahatlaryny berdi.
Ýurdumyzyň halkara derejeli çäreleri geçirmekde oňyn tejribe toplandygyny nazara almak bilen, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça halkara maslahatynyň oňa gatnaşýan ýurtlar üçin ähmiýetli çärä öwrülmegi ugrunda Türkmenistan tarapyndan ähli zerur tagallalaryň edilmelidigini belläp, Milli Liderimiz meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şeýle-de forumyň çäklerinde Türkmenistan bilen BMG-niň gatnaşyklaryna bagyşlanan wideoşekiller taýýarlanylmalydyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz toplumyň foruma gatnaşyjylar üçin niýetlenen naharhanasynda degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda çaý başynda söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda Milli Liderimiz halkara maslahatyň guramaçylyk derejesi, oňa gatnaşýanlaryň özara duşuşyklara we gepleşiklere gatnaşmaklary, forumyň maglumat giňişliginde giňden wagyz edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Balkan welaýatyna iş sapary dowam edýär.