Ösüp gel­ýän ne­sil ba­ra­da­ky ala­da Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ka­da­la­ra hem-de hal­ky­my­zyň be­lent yn­san­per­wer­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýan döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Mä­lim bol­şy ýa­ly, Gahryman Arkadagymyzyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da, 2021-nji ýy­lyň mart aýyn­da Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy dö­re­dil­di. Hä­zir­ki wagt­da mil­li we da­şa­ry ýurt wal­ýu­ta­syn­da açy­lan bank ha­sap­la­ry­na kö­me­ge mä­täç ça­ga­la­ra gol­daw ber­mä­ge gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän adam­lar­dan ge­lip go­wuş­ýan se­riş­de­le­riň möç­ber­le­ri bar­ha art­ýar. He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň yk­rar edil­me­gi­niň 30 ýyl­lyk to­ýu­na bar­ýan Ga­raş­syz Türk­me­nis­tan Ýer ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň ber­ka­rar bol­ma­gy ug­run­da­ky umu­my ta­gal­la­la­ry tä­ze baş­lan­gyç­lar, hal­ka­ra bäh­bit­li ýö­rel­ge­ler, ne­ti­je­li iş­ler bi­len has baý­laş­dyr­ýar. 21-nji mart­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 79-njy ses­si­ýa­sy­nyň 61-nji ple­nar mej­li­sin­de ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy bi­len «Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy» at­ly Ka­rar­na­ma üçün­ji ge­zek bi­ra­gyz­dan ka­bul edil­di. Mu­nuň özi türk­men dip­lo­ma­ti­ýa­sy­nyň no­bat­da­ky aja­ýyp üs­tün­li­gi­dir. Türk­men döw­le­ti­niň öz ta­ry­hy müm­kin­çi­lik­le­rin­den ägirt uly sy­ýa­sy hem yk­dy­sa­dy paý­has bi­len peý­da­la­nyp, äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň hyz­ma­tyn­da go­ýup bil­ýän­di­gi­niň gü­wä­si­dir. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň baş­lan­gy­jy esa­syn­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy ta­ra­pyn­dan on­lar­ça Re­zol­ýu­si­ýa­la­ryň ka­bul edil­me­gi dün­ýä halk­la­ry­nyň Wa­ta­ny­my­za bo­lan be­ýik yna­my­nyň we buý­san­jy­nyň aý­dyň gör­ke­zi­ji­si­dir. Her bi­ri dün­ýä­niň pa­ra­hat­çy­ly­gy üçin ädi­len uly bir ädim hök­mün­de ta­ry­ha gi­ren şol baş­lan­gyç­la­ryň, Ka­rar­na­ma­la­ryň ha­ky­ky gym­ma­ty Ýer ýü­zü­niň dür­li kün­jek­le­rin­de asu­da­ly­gyň ar­zu­wyn­da ýa­şa­ýan mil­li­on­lar­ça adam­la­ryň yk­ba­ly bi­len ba­ra­bar.
Hä­zir­ki wagt­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si­ne da­ýan­ýan döw­le­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­giň, pa­ra­hat­çy­ly­gyň nus­ga­sy­ny dün­ýä ýa­ýyp gel­me­gi, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pä­him-pa­ra­sat­la­ry bi­len bu ýö­rel­ge­le­riň giň­den da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny we uly meş­hur­ly­ga eýe bol­ýan­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň 30 ýyl­lyk to­ýu­ny toý­la­rys. El­bet­de, mu­nuň özi dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň, hoş­ni­ýet­li­li­giň da­ba­ra­lan­ma­sy­dyr. Bi­ta­rap­lyk – bu hal­ky­my­zyň aňy­na, ru­hu­na, mil­li­li­gi­ne or­na­şan mü­di­mi tag­ly­mat bo­lup, ýur­du­my­zyň, hoş­ni­ýet­li hal­ky­my­zyň ab­raý-mer­te­be­si­ni tu­tuş äle­me ýaý­dy. Ynam­ly ädim­ler bi­len öňe git­mä­ge, asu­da­lyk­da, ag­zy­bir­lik­de ýa­şa­ma­ga giň ýol açyp, yn­san­per­wer­lik, pa­ra­hat­çy­lyk ýol-ýö­rel­ge­le­ri­mi­zi dün­ýä­de giň­den da­ba­ra­lan­dyr­dy.
Bi­ta­rap­lyk mil­li bäh­bit­le­ri ama­la aşyr­ma­gyň has ka­bul eder­lik­li nus­ga­sy bol­mak bi­len, ýur­du­my­zyň ta­ry­hy, geo­sy­ýa­sy, me­de­ni ýö­rel­ge­le­ri­ne la­ýyk ge­lip, dün­ýä gi­ňiş­li­gin­de, şeý­le hem içer­ki ösüş­de Türk­me­nis­ta­nyň üs­tün­lik­le­ri­niň in­kär edip bol­ma­jak mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar. Bu gün Bi­ta­rap­lyk dur­nuk­ly­ly­gyň, dur­muş ada­lat­ly­ly­gy­nyň we ösü­şiň si­no­ni­mi hök­mün­de ýur­du­my­zyň ra­ýat­la­ry­nyň aňy­na berk or­naş­dy. Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da bol­sa Bi­ta­rap­lyk bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­gyň, deň­hu­kuk­ly­ly­gyň, öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň esa­syn­da döw­let­le­riň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ny­şa­ny hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­my­zyň öňe sür­ýän tag­ly­mat­la­ry­nyň düýp öze­nin­de hal­ky­my­za mah­sus bo­lan asyl­ly, yn­san­per­wer ýol – pa­ra­hat­çy­ly­gyň ýo­ly – dia­lo­gy öňe sü­rül­ýär. Bu bol­sa eý­ýäm pe­der­le­ri­miz­den bi­ze mi­ras bo­lup ge­len mil­li hä­si­ýet­le­ri­mi­ziň bu bag­ty­ýar döw­rü­miz­de aý­dyň şöh­le­len­me­si­dir. Se­bä­bi adam­zat he­mi­şe pa­ra­hat dur­mu­şyň ar­zu­wyn­da ýa­şa­ýar. Pa­ra­hat, bagt­ly, bag­ty­ýar dur­muş­da ýa­şa­ýan jem­gy­ýet bol­sa gül­le­ýär, ös­ýär. On­soň bag­ty­ýar­lyk şol hal­kyň me­de­ni­ýe­ti­ne si­ňip, aý­dy­ma, sa­za öw­rü­lip, sun­gat de­re­je­si­ne gö­te­ril­ýär. Sun­ga­tyň özi pa­ra­hat dur­mu­şyň ne­ti­je­sin­de dö­rän­soň, pa­ra­hat­çy­ly­gy be­ýan ed­ýär, be­lent­den was­py­ny ýe­tir­ýär. Is­len­dik za­dyň sun­gat de­re­je­si­ne ýet­me­gi üçin ol yn­sa­ny­ýe­tiň gym­mat­ly­gy­na öw­rül­me­gi der­kar. Şun­da ol hal­kyň ru­hy aňas­ty­na or­na­şyp, ne­sil­den-nes­le geç­mek bi­len, ta­ry­hyň sa­hy­pa­la­ry­na mö­hür­len­ýär. Mah­la­sy, pa­ra­hat­çy­lyk, yna­nyş­mak – yn­sa­ny­ýe­tiň bagt­ly, bag­ty­ýar ýa­şa­ma­gy­nyň, sö­züň do­ly we dog­ry ma­ny­syn­da­ky baş şer­ti­dir. Bu dur­mu­şyň in­kär edip bol­ma­jak ha­ky­kat­la­ry­nyň bi­ri.
Goý, dün­ýä ýü­zün­de pa­ra­hat­çy­ly­gy, dur­nuk­ly­ly­gy, asu­da­ly­gy, yna­nyş­ma­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da ägirt uly ta­gal­la­lar ed­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, be­lent baş­la­ry aman bol­sun!

Je­mal MU­HAM­ME­DO­WA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.