Türkiýäniň çempiony “Galatasaraý” topary Russiýanyň Lokomotiw toparyndan Alekseý Batrakowy düzümine goşdy. Türk topary 21 ýaşyndaky russiýaly hüjümçi üçin moskwalylara 25 million ýewro berer. Bu görkeziji “Lokomotiw topary üçin rekorda deňdir. “Galatasaraý” Batrakow bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşdy. Batrakow “Lokomotiwiň” esasy düzüminde 2024-nji ýylyň martyndan bäri çykyş edip gelýär. 2 möwsümden gowrak oýnan Batrakow 84 duşuşykda 34 gol geçirdi.