Türkiýäniň Kubogy ýaryşynyň finalynda “Galatasaraý” topary “Trabzonspordan” 3-0 hasabynda üstün çykdy. Gaziantep şäheriniň adybir stadionynda oýnalan duşuşygyň 5-nji minutynda Baryş Alper Ýylmazyň goly bilen stambullylar öňe saýlandy. 2-nji ýaryma-da gol bilen başlan “Galatasaraý” ýyldyz hüjümçi Wiktor Osimhen 46-njy we 63-nji minutlarda tapawutlandy. Nigeriýaly hüjümçiniň “Galatasaraýda” geçiren gollarynyň sany 35-e ýetip, ol Türkiýede bir möwsümde iň köp gol geçiren daşary ýurtly futbolçy rekordynyň täze eýesi boldy. Şeýlelikde, “Galatasaraý” 3-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, 6 ýyldan soň 24-nji finalynda 19-njy gezek Türkiýäniň Kubogy eýelemegi başardy.

9 gezek kubogyň eýesi “Trabzonspor” topary bassyr 2-nji, umumylykda-da 8-nji finalynda ýeňlişe sezewar boldy.

“Galatasaraý” topary ýekşenbe gününde öz meýdançasynda “Kaýserispordan” ýeňilmedik ýagdaýynda 25-nji çempionlygyny yglan eder.