11-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň edermen daýhanlarynyň galla tabşyrmak baradaky ýyllyk borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi, gallaçy kärendeçileriň gazanan ýeňişleri mynasybetli geçirilen dabara gatnaşdy we hemmeleri oba hojalyk toplumynyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly waka bilen gutlady.
Dabara Hökümet agzalary, welaýatlaryň häkimleri we ýurdumyzyň her welaýatyndan çagalar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda döwlet Baştutanymyza ýurdumyzyň ekerançylarynyň galla taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi mynasybetli gutlag sözleri beýan edildi. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär, olaryň esasy maksady halkymyzyň abadan durmuşyny hem-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygyny üpjün etmekden ybaratdyr.
Oba hojalyk toplumynda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşiniň hormatyna geçirilen dabarada her welaýatyň ýaş wekilleri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy edermen daýhanlaryň gazanan ajaýyp üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, bu waka mynasybetli eziz Diýarymyzyň ýeten derejesini, beýik zähmet ýeňişlerini we edermen daýhanlaryň yhlasly tagallalaryny wasp edýän joşgunly goşgularyny aýtdylar.
Soňra dabara gatnaşan çagalara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýew Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýurdumyzyň ak ekin ussatlarynyň adyndan şatlykly wakanyň hormatyna ajaýyp halyny sowgat gowşurdy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalygynyň ähli ugurlar boýunça ösdürilmegi we daýhanlaryň öndürijilikli zähmetiniň üpjün edilmegine gönükdirilen şertleriň döredilmegi mynasybetli çuňňur hoşallygyň nyşanyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dabara gatnaşan çagalaryň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi.
Soňra bu ýerde guralan dabara gatnaşan Hökümet agzalary Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzda gazanylan ajaýyp zähmet ýeňşi bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, giň gerimli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde güneşli Diýarymyzyň ähli sebitlerinde köpugurly özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň özi, ähli ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda çekilýän öndürijilikli zähmetiň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzyň oba hojalygynda döwrebap ykdysady gatnaşyklar ýola goýlup, eýeçiligiň dürli görnüşleri ösdürilýär. Sebitleriň her birinde oba hojalyk önümlerini gaýtadan işleýän, däne üweýän kärhanalar toplumlary guruldy. Önüm öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw berilmegi netijesinde, içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän önümleriň öndürilýän mukdary yzygiderli artdyrylýar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, ussat gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna 1 million 400 müň tonnadan gowrak ýokary hilli bugdaý tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen berjaý etmekleriniň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz edermen gallaçylarymyzy we ähli oba hojalyk işgärlerini gazanan bu üstünlikleri bilen tüýs ýürekden gutlap, olara täze rowaçlyklary arzuw etdi.