ABŞ-nyň «Fis­ker» kom­pa­ni­ýa­sy «ýa­şyl» aw­tou­lag önüm­çi­li­gi­ne baş­ga­ça çe­me­leş­ýär. Kom­pa­ni­ýa «Fis­ker Ocean» at­ly il­kin­ji ula­gy­ny köp­çü­li­ge gör­kez­di. Da­ni­ýa­ly Hen­rik Fis­ke­riň 2016-njy ýyl­da esas­lan­dy­r­an kom­pa­ni­ýa­sy hem­me­ler üçin el­ýe­ter­li bol­jak aw­tou­lag ön­dür­me­gi mak­sat edin­ýär. Los-An­je­les­de ta­nyş­dy­ry­lan ula­gyň iç­ki di­zaý­ny tu­tuş­ly­gy­na ösüm­lik­ler­den ýa-da ozal ula­ny­lan ma­te­ri­al­lar­dan ýa­sa­lyp­dyr. Otur­gyç üçin ni­ýet­le­nen ha­ly­lar ba­lyk­çy­la­ryň ze­per ýe­ten tor­la­ryn­dan we ozal geý­len egin-eşik­ler­den ön­dü­ri­lip­dir. Ula­gyň ti­gir­le­ri hem ozal ula­ny­lan kau­çuk ha­ryt­lar­dan al­nyp­dyr. Ula­gyň köp ýe­rin­de ula­ny­lan me­tal­lar hem ozal ula­ny­lan po­lat­dan ön­dü­ri­lip­dir. Elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ula­gyň «Ocean Sport», «Ocean Ult­ra» we «Ocean Extre­me» at­ly üç gör­nüş­li­si­ni köp­çü­lik­le­ýin ön­dür­mek göz öňün­de tu­tul­ýar. Il­kin­ji ulag 2022-nji ýy­lyň no­ýab­ryn­da Awst­ri­ýa­nyň Graz şä­he­rin­dä­ki «Mag­na Steyr» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň za­wo­dyn­da ön­dü­ri­lip baş­la­nar. Ulag bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len 530 ki­lo­met­re çen­li ýol ge­çer. Ula­gyň ýo­kar­sy­na ýer­leş­di­ri­len Gün pa­ne­li ula­gyň has uzak ara­ly­ga git­me­gi­ne müm­kin­çi­lik be­rer.

Mu­rat­jan JO­RA­KU­LY­ÝEW,
S.A.Ny­ýa­zow adyn­da­ky Türk­men oba ho­ja­lyk uni­wer­si­te­ti­niň mu­gal­ly­my.