Ýaponiýanyň demirgazyk polýusa ýakyndygy hem-de deňiz derejesinden has beýikde ýerleşýändigi sebäpli gyş pasly has gazaply geçýär. Ýurduň üç mukaddes dagynyň biri hasaplanýan Tateýama dag gerşindäki galyň gar gatlagynyň arasyndan däliziň açylmagy bilen bu ýerden ýolagçylar geçip başlady. «Ýuki no otani» (Uly gar jülgesi) atly 500 metrlik ýoluň iki gyrasyndaky garyň galyňlygy 20 metre çenli ýetýär. Tokionyň demirgazygyndaky Toýama we Nagano welaýatlarynyň çäginden geçýän 90 kilometrlik aralykda syýahatçylar we tebigaty halaýanlar üçin gezelenç edere ýer köp. Bu ýerde ýurduň iň beýikde ýerleşýän ýyly suwly şypahanasy, iň beýikdäki şaglawuk ýaly dürli tebigy gözellikleri bar.
Bu ýoluň ugrundaky galyň gar her ýylyň aprelinde arassalanyp, ulaglaryň geçmegi üçin açylýar. Şeýlelikde, ýolagçylar 20 minut töweregi wagtda bu gar däliziniň içinden geçip gidýärler. Gyş paslynda gar sebäpli ýapyk durýan jülgedäki gar iýun aýynda ereýär.
Aýnur BAÝRAMOWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.
PDF









