(Tymsal)
Gar ýaly ak kagyz şeýle diýen:
– Meniň ýaradylyşym päk, şoňa görä-de, hemişe päkligime galaryn. Men özümi haýsydyr bir gara ýa-da hapa zada dözenimden, oda taşlanyp, küle dönenim gowudyr. Meni ellemeg-ä beýle-de dursun, hatda golaýyma bir gelip görsünler.
Kagyzyň bu sözlerini eşiden syýa çüýşe oňa mys-mys gülüpdir, ýöne oňa golaýlaşmaga gaýraty çatmandyr. Onuň bu gürrüňlerini reňkli galamlar hem eşidipdir, ýöne olar hem onuň golaýyna barmaga ýürek edip bilmändirler.
Şeýlelikde, gar ýaly ak kagyz hemişelik päkizeligine galyp, boşlugyna duruberipdir.
Bu tymsalyň üsti bilen daş-töweregiňdäkilere mylakatly bolmalydygy, olar bilen gatnaşyk saklamalydygy we kynçylyklardan gorkmaly däldigi beýan edilýär.
PDF









