Azerbaýjanyň “Garabag” topary myhmançylykda gazanan 3-1-lik ýeňşiniň jogap oýnunda “Ferenswaroşy” kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda azerbaýjanlylar 3-2 hasabynda ýeňilselerem, umumy hasapda 5-4 öňe saýlanyp, ýaryşyň final tapgyryna çykmagy başardy. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny Leandro 25, Zubir 45, wenger toparynyň gollaryny bolsa Ýosef 12, Warga (55 p) hem-de Tot (82) geçirdi. “Garabag” topary taryhynda 2-nji gezek Çempionlar Ligasynyň final tapgyrynda oýnar. Olar mundan 8 ýyl öň, ýagny 2017/18 möwsüminde çykyş edipdiler. 53 ýaşyndaky Gurban Gurbanowyň 2008-nji ýyldan bäri tälimçiliginde bolan “Garabag” topary 12-nji gezek yzly-yzyna (UÇL – 2, UÝL – 9, UKL – 1) UEFA-nyň ýaryşlarynyň final tapgyryna gatnaşar.