Futbol boýunça Demirgazyk we Merkezi Amerika hem-de Karibleriň çempionaty bolan KONKAKAF Altyn Kubok ýaryşynda hemişekiler ýaly garaşylýan final duşuşygy oýnalar. Ýagny finalda ýene-de ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary duşuşarlar.
Ýarym finalda ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysyna Gwatemalanyň milli toparyny ýeňmek kyn düşmedi. 2-1 hasabynda ýeňiş gazanan amerikanlaryň gollarynyň ikisini hem 4-nji we 15-nji minutlarda Diego Luna geçirdi. Gwatemalanyň ýeke-täk goluny bolsa 80-nji minutda Eskobar öz adyna ýazdyrdy.
Meksikanyň ýygyndysy bolsa ýarym finalda Gondurasyň milli toparyny Raul Himenesiň 50-nji minutdaky goly esasynda ýeňlişe sezewar etdi.
Final duşuşygy 7-nji iýulda Aşgabat wagty bilen daňdan 04:00-da başlanar. Duşuşyk Hýustondaky “NRG Stadium”-da oýnalar. ABŞ-nyň ýygyndysy 13-nji, Meksikanyň ýygyndysy 12-nji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy.
Häzirki ady bilen 18-nji gezek, ýagny 1991-nji ýyldan bäri geçirilýän ýaryşda ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary mundan öň 7 gezek finalda duşuşdylar. Şolaryň 5-sinde meksikanlar, 2-sinde amerikanlar ýeňiş gazandy. Bu ýaryşda Meksikanyň 9, ABŞ-nyň 7 çempionlygy bolup, latyn amerikalylar ýeňiş gazanyp, arany açmakçy bolýar. Amerikanlar bolsa aratapawudy azaltmak üçin meýdança çykarlar.
ABŞ bilen Meksikanyň ýygyndylary mundan öň umumylykda 78 gezek özara duşuşdy. Şolarda Meksikanyň ýygyndysy 24, ABŞ-nyň ýygyndysy 17 gezek ýeňiş gazanyp, 34 oýun deňlikde tamamlandy. Gollarda-da meksikanlar 147-92 öňde barýar.
ÇÄRÖEK FINALDA
Çärýek finalda 3 ýeňiji oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde belli boldy. Panama bilen Gondurasyň arasyndaky oýnuň esasy wagty 1-1 hasabynda deňlikde tamamlandy (Diaz 45+1 p – Lozano 82). Oýundan soňky 11 metrlik jerime urgularynyň netijesinde Gondurasyň ýygyndysy 5-4 hasabynda üstün çykmagy başardy.
Meksika bilen Saud Arabystanynyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky oýunda myhmanlar 2-0 hasabynda asgyn geldi. Meksikanyň ýygyndysyna ýeňiş getiren gollary Wega (49) bilen Madu (81 ö.d.) derwezä girizdi.
Kanada bilen Gwatemalanyň milli toparlarynyň özara oýnunda esasy wagtda üstünlik gazanan bolmady. Kanadadan Jonatan Dewidiň 30-njy minutdaky 11 metrlik jerime urgusyndan salan goluna Gwatemala 69-njy minutda Rubiniň goly bilen jogap berdi. Duşuşykdan soňky 11 metrlik jerime urgularyny has erjel uran gwatemalaly futbolçylar 6-5 ýeňiş gazanyp, ýarym finalçy boldy.
Ýer eýeleri ABŞ-nyň ýygyndysy bilen Kosta Rikanyň ýygyndysynyň arasyndaky duşuşygyň esasy wagty 2-2 deňlikde gutardy (Luna 43, Arfsten 47 – Kalwo 12 p, Martines 71). 11 metrlik jerime urgularynda amerikaly futbolçylar az ýalňyşlyk goýberip, 4-3 hasabynda ýeňiş gazandy.
Deňlikde tamamlanan duşuşyklarda goşmaça wagt berilmezden 11 metrlik jerime urgulary ýerine ýetirildi.