Gaz eksportynda Kataryň deňine ýetdi

137

Ge­çen ýyl ABŞ su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz eks­por­tyn­da bu ugur­da köp ýyl­dan bä­ri öň­de­li­gi eýe­le­ýän Ka­tar bi­len deň­leş­di. Bi­ler­men­ler ýur­duň «Free­port» eks­port ter­mi­na­ly­nyň gaý­ta­dan işe gi­ri­zil­me­gi bi­len dün­ýä­de bu ugur­da bi­rin­ji bol­jak­dy­gy­ny bel­le­ýär­ler. Bu iki ýur­duň her bi­ri ge­çen ýyl 81,2 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz eks­port et­di­ler. Şeý­le­lik­de, ABŞ bu ugur­da köp ýyl­dan bä­ri bi­rin­ji­li­gi eýe­le­ýän Ka­ta­ryň or­nu­na şä­rik­lik et­di. «Bloom­berg» ta­ra­pyn­dan top­la­nan mag­lu­mat­da iki ýur­duň hem 81,2 mil­li­on ton­na su­wuk­lan­dy­ry­lan gazy eks­port eden­di­gi bel­le­nil­ýär. As­lyn­da ABŞ ge­çen ýyl bi­rin­ji bol­ma­ly­dy. Em­ma, Te­has­da­ky «Free­port» ter­mi­na­lyn­da ýü­ze çy­kan ýan­gyn se­bäp­li, bu des­ga­nyň işi tog­ta­dy­lyp­dy. ABŞ il­kin­ji su­wuk­lan­dy­ry­lan te­bi­gy gaz eks­por­ty­ny 2016-njy ýyl­da ama­la aşyr­dy. Şon­dan soň ýurt su­wuk­lan­dy­ry­lan gaz ba­za­ryn­da esa­sy bäs­deş­le­riň bi­ri­ne öw­rül­di.

Hü­se­ýin Şa­ýi­mow,
Türk­men döw­let ma­li­ýe ins­ti­tu­ty­nyň uly mu­gal­ly­my, hu­kuk ylym­la­ry­nyň kan­di­da­ty.