10-njy awgustda Gazagystan milli baýramçylygyny – ýurduň ýazuw edebiýatyny esaslandyryjy, şahyr Abaý Kunanbaýewiň hormatyna guralýan Abaý gününi belleýär. Bu barada ýurduň Medeniýet we sport ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.
Şol gün ýurtda dürli çäreler: sergiler, maslahatlar we döredijilik agşamlary geçirildi. Nur-Soltanyň Milli akademiki kitaphanasynyň hem-de Almatydaky milli kitaphananyň öňündäki meýdançada iki şäheriň ylmy we döredijilik işgärleriniň wekilleriniň, ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň gatnaşmagynda şygryýet agşamlary geçirildi.
Mundan başga-da, ýurduň Merkezi döwlet muzeýi, Döwlet sungat muzeýi we Milli muzeýi Abaý gününe bagyşlap dürli çäreleri gurnaldy. Çärelere Nur-Soltan we Almaty şäherleriniň döredijilik mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýaşlar gatnaşdy. Mundan başga-da, ýurduň sebitlerinde dürli çäreler geçirildi.
Şu ýyl meşhur şahyryň doglan gününiň 175 ýyllygy bellenilýär. Türki halklaryň medeniýeti we sungaty boýunça halkara guramasy bolan TÜRKSOÝ 2019-njy ýylyň dekabrynda 2020-nji ýyly Abaý Kunanbaýew ýyly diýip yglan etmek barada karar kabul edipdi. Filosof, şahyr we magaryfçy Abaý Kunanbaýew 1845-nji ýylyň 10-njy awgustynda dünýä indi.