Gazagystanyň Merkezi saýlaw toparynyň başlygy Nurlan Abdirow paýtagt Astanada geçirilen brifingde 23-nji awgustda Gazagystanyň Kurultaýyna saýlawlaryň deslapky netijelerini mälim etdi.

Onyň beren maglumatyna görä, ýurtda ses bermäge 12 million 623 müň 289 adam hukukly bolup, olaryň 9 müň 865-si daşary ýurtlarda ýaşaýar. Saýlawlara 9 million 351 müň 539 adam gatnaşdy we deslapky gatnaşyk 74,08% boldy.

Deslapky netijelere görä, saýlawlara gatnaşan ýedi syýasy partiýanyň arasyndan 71,17% ses alan «Adilet» («Adalat») partiýasy ynamly ýeňiş gazandy. «Aul» partiýasy 6,26% bilen ikinji, «Respublika» partiýasy 5,56% bilen üçünji ýeri eýeledi. Şeýle hem «Ak jol» demokratik partiýasy 5,21%, Milli sosial-demokratik partiýasy (OSDP) 5,11%, Gazagystanyň Halk partiýasy 3,11% we Gazagystanyň «Baýtak» ýaşyllar partiýasy 1,07% ses aldy. «Hemmä garşy» ses beren saýlawçylaryň paýy 2,51% boldy.

Saýlawlara gatnaşan ýedi partiýadan bäşisi bäş göterimlik bökdençligi ýeňip geçip, Gazagystanyň bir palataly Kurultaýynda wekilçilik etmek hukugyny gazandylar. 145 orunlyk Kurultaýda «Adilet» hökümet partiýasy, «Aul», «Respublika», «Ak jol» demokratik partiýasy we Milli sosial-demokratik partiýasy (OSDP) wekilçilik eder.