Gazagystan sebitde ilkinji bolup NVIDIA kompaniýasynyň öňdebaryjy tehnologiýalaryna esaslanýan iki sany superkompýuteri ulanmaga berdi. Bu barada Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew V Ýewraziýa ykdysady forumynyň plenar mejlisinde eden çykyşynda mälim etdi.
Döwlet Baştutanynyň bellemegine görä, Gazagystanda 2026-njy ýyl «Emeli aň we sanly ösüş ýyly» diýlip yglan edildi. Şu maksat bilen, ýurtda Emeli aň we sanly ösüş ministrligi, şeýle hem öňdebaryjy ýerli we daşary ýurtly hünärmenleriň gatnaşmagynda Emeli aňy ösdürmek boýunça geňeş döredildi.
Gazagystanyň döwlet dolandyryş ulgamyna we ykdysadyýetiň anyk pudaklaryna akylly platformalaryň üstünlikli ornaşdyrylýandygyny aýdan döwlet Baştutany, ýurduň täze Konstitusiýasynda şahsy maglumatlary goramak hukugynyň ilkinji gezek berkidilendigini hem aýratyn nygtady.
PDF









