18-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň wideomaslahat görnüşinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde geçirilen GDA döwletleriniň Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu günki mejlisine, şeýle hem Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ylham Aliýew, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini ýerine ýetiriji, Parlamentiň ýolbaşçysy Talant Mamytow, Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Igor Dodon, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon gatnaşdylar.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine şu ýyl bilelikde amala aşyrylan işleriň netijelerine, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de GDA ýurtlarynyň dürli ulgamlarda özara gatnaşyklaryny kadalaşdyrýan resminamalaryň birnäçesini kabul etmäge degişli meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hormatly Prezidentimiz mejlisde eden çykyşynda Bitarap Türkmenistanyň umumy abadançylygyň we ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygyň köpugurly kuwwatyndan netijeli peýdalanmaga deňagramly we toplumlaýyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamakda möhüm orun eýeleýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
-Däp bolşy ýaly, ýylyň ahyrynda biz GDA-nyň çäklerinde bilelikdäki işimiziň jemini jemleýäris, geljek döwür üçin iş barada pikir alyşýarys diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we mälim bolan, bize bagly bolmadyk kynçylyklara garamazdan, GDA ýurtlaryna meýilleşdirilen bilelikdäki çäreleriň aglabasyny geçirmegiň başardandygyny aýtdy.
Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, umuman, Türkmenistan GDA ýurtlarynyň dünýä giňişliginde, iri halkara düzümlerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda has ysnyşykly gatnaşyklary hem-de tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyna ynanýar.
Häzirki wagtda, dünýä syýasatyndaky ýeňil bolmadyk ýagdaýlarda Arkalaşygyň ýurtlary ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, halkara hukugynyň hem-de BMG-niň Tertipnamasynyň ornunyň dikeldilmegine we pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşup bilerdi, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklarda özara ynanyşmak hem-de açyklyk ýagdaýyny döretmäge ýardam edip bilerdi diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli GDA gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň bilelikdäki Beýannamasyny kabul etmegiň möhümdigini aýratyn belledi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edildi. Türkmen tarapy bu çözgüde häzirki zaman dünýä gurluşynyň we halkara gatnaşyklaryň meseleleri boýunça düýpli, jogapkärli gepleşikleri dikeltmek üçin oňat esas hökmünde garaýar, ony anyk many-mazmun bilen baýlaşdyrmagyň üstünde bilelikde işlemegi teklip edýär diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, geljek ýyl Aşgabatda parahatçylygy, howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly ösüşi üpjün etmek meselelerine bagyşlanan ýokary derejeli Halkara maslahaty geçirmek meýilleşdirilýär diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we GDA ýurtlarynyň Liderlerini bu Foruma gatnaşmaga çagyrdy.
-Türkmenistan ykdysady hem-de durmuş taýdan ösüşde, ynsanperwer we medeni hyzmatdaşlykda, sebit hem-de ählumumy işlere oňyn täsir etmekde GDA-nyň uly kuwwatynyň bardygyna ynanýar. Arkalaşyk özüniň ýaşaýşa ukyplydygyny, wehimleriň we howplaryň hötdesinden gelmegi başarýandygyny, döwletara gatnaşyklaryň möhüm guraly hökmünde özüniň zerurdygyny subut edýär diýip, milli Liderimiz belledi.
Hormatly Prezidentimiz bular barada aýtmak bilen, biziň ýurdumyzyň GDA-nyň çäklerinde ysnyşykly gatnaşyklary dowam etmäge, gol çekilen resminamalaryň düzgünlerini durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga berk ygrarlydygyny tassyklady.
GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň mejlisiniň barşynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň Konsepsiýasy hem-de ony durmuşa geçirmek boýunça esasy çäreleriň Meýilnamasy, GDA ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak, şeýle hem 2021-nji ýylda Belarus Respublikasynyň GDA-da Başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Mejlisiň jemleri boýunça ylalaşylan resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň hatarynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy ýurtlarynyň parlamentara hyzmatdaşlygyny ösdürmek we pugtalandyrmak hakyndaky çözgüt; 2021-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek hakyndaky çözgüt; Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 75 ýyllygy mynasybetli Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; Halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Baştutanlarynyň Bilelikdäki beýannamasy hakyndaky çözgüt; 2022-nji ýylda Gyrgyz Respublikasynda “Arkalaşygyň medeni paýtagtlary” döwletara maksatnamasyny durmuşa geçirmek hakyndaky çözgüt; Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2022-nji ýyly Halk döredijiliginiň we medeni mirasyň ýyly, 2023-nji ýyly Milletara aragatnaşyklaryň dili hökmünde rus diliniň ýyly diýip yglan etmek hakyndaky çözgüt bar.
Şeýlelikde, mejlisiň barşynda Arkalaşygyň döwletleriniň uzak geljege gönükdirilen hem-de dostlukly ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän netijeli köpugurly hyzmatdaşlyga ygrarlydygy tassyklanyldy.