Ýaponiýanyň “N-Ark” kompaniýasy 2023-nji ýylyň tomsunda Dogen atly suwüsti şäheri gurmak meýilnamalaryny yglan edipdi. Häzirki wagtda bu taslama barada has-da giňişleýin maglumatlar peýda boldy. “Ýüzýän” şäheriň meýdany 4 km diametrli tegelek görnüşli bolar. Şäherde 10 müň ýaşaýjy we 30 müň syýahatçy üçin zerur infrastrukturany, ýagny myhmanhanalary, hassahanalary, sport meýdançalaryny, stadionlary, ofisleri, mekdepleri, seýilgähleri, aýratyn hem kosmos raketasyny üçin uçuş-gonuş meýdançasyny döretmek meýilleşdirilýär. Kompaniýanyň hasaplamalaryna görä, şäher ýaşaýjylary ýylda, takmynan, 2 million litr suw, 700 tonna azyk önümini, şeýle hem 22 265 müň kWt elektrik energiýasyny sarp eder. Taslama 3 zolaga, ýaşalýan “halka”, suwasty maglumat merkezine we ýüzýän adalara bölüner. Şäheriň gurluşygyna 2030-njy ýylda başlanmagy meýilleşdirilýär.
Mährem BABAMYRADOWA, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby