Germaniýada iş wagtynyň tertibi ara alnyp maslahatlaşylýar

3

Fridrih Mersiň ýolbaşçylygyndaky Germaniýanyň hökümeti Iş wagty hakyndaky kanuna düýpli özgertmeler girizmegi meýilleşdirýär. Täze taslama laýyklykda, häzirki wagtda günde 8 sagat bilen çäklendirilen iş wagtynyň kadalary gowşadylyp, aýry-aýry günlerde iş dowamlylygyny 13 sagada çenli artdyrmaga ýol berilýär. Hökümet bu ädimiň ykdysady çeýeligi üpjün etjekdigini we artykmaç iş sagatlary üçin salgytsyz goşmaça tölegleriň belleniljekdigini mälim etdi.
Emma kärdeşler arkalaşyklary we lukmanlar bu başlangyçlara kes-kelläm garşy çykýarlar. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, täze kadalar iş hepdesiniň dowamlylygynyň 73,5 sagada çenli ýetmegine getirmegi mümkin. Lukmanlar iş sagatlarynyň artdyrylmagynyň işgärleriň saglygyna ýaramaz täsir etjekdigini, ruhy sarsgynlara we iş ukybynyň ir ýitirilmegine sebäp boljakdygyny duýdurýarlar. Kärdeşler arkalaşyklarynyň geçiren pikir soralyşyklaryna görä, Germaniýanyň ilatynyň 72 göterimi günde 8 sagatdan artyk işlemäge garşy çykýar.