Germaniýanyň Adatdan daşary asman jisimlerini barlamak boýunça merkezi torunyň (CENAP) hünärmenleri ýurtda näbelli uçýan obýektler (NUO) barada gelip gowşan 14 müňe golaý ýüzlenmäni öwrenip, olara ylmy düşündiriş berdiler.

Guramanyň ýolbaşçysy Hansýurgen Kýoleriň habar bermegine görä, merkeze her günde raýatlardan 3-den 6-a çenli täze ýüztutma gelip gowuşýar. Barlaglar asmandaky näbelli jisimleriň aglabasynyň adaty emeli hemralar, uçarlar, meteozondlar we baýramçylyk şarlarydygyny görkezdi.

Şeýle-de, ABŞ-nyň Goranmak ministrligi (Pentagon) tarapyndan ýaýradylan wideoýazgylar hünärmenler tarapyndan optiki aldanmalar we tehniki päsgelçilikler hökmünde bahalandyryldy. Ýeterlik maglumat bolmandygy sebäpli käbir ýagdaýlaryň sebäbi takyk kesgitlenilmän galan hem bolsa, olary başga planetalylar bilen baglanyşdyrmaga hiç hili ylmy binýat ýokdur.