27-nji fewral 2-nji mart aralygynda Ispaniýanyň Barselona şäherinde geçirilen Mobil dünýä maslahatynda (MWC) iň soňky tehnologiýa enjamlary we hyzmatlary tanyşdyryldy. Olaryň arasynda emeli aň, uçýan awtoulaglar, wodorod bilen işleýän motosikl ýaly has haýran galdyryjylary bar. Täze tehnologiýalary arasynda internet aragatnaşygynyň 5-nji nesline degişli enjamlar hem görkezildi. “Ericsson” bilen “Deutsche Telekom” kompaniýalary bolsa sergide köp wagtdan bäri dowam edýän hyzmatdaşlygynyň netijesinde Germaniýadaky awtoulagy has uzakdan dolandyrmagy başardy. Kompaniýalar L4S atly tehnologiýany durmuşa geçirmek üçin 2022-nji oktýabr aýyndan bäri “Vay” şereketi bilen hyzmatdaşlyk edýär. Bu şereket Germaniýada uzakdan dolandyrylýan (“teledriven”) ulaglar bilen amatly bahadan awtoulaglary kärendesine berýän hyzmaty ýola goýmagy meýilleşdirýär. Bu ulaglar ulagy sargyt eden müşderiniň salgysyna uzakdan dolandyrylmak arkaly eltilip berler. Nemes şereketiniň ýolbaşçysy Tomas Fon Der Ohe uly şäherlerdäki ýol dyknyşygy meselesini aradan aýyrmagy meýilleşdirýändiklerini aýdýar.

Bu tehnologiýada dolandyryş merkezindäki bir sürüji simulýator ulagyna münýär. Onuň öňündäki ekranda has uzakda duran, dolandyrjak ulagynyň öňi görünýär. Ýagny ol edil sürjek ulagynyň oturgyjynda oturan ýaly bolýar. Ýokary durulykdaky aragatnaşyk ulgamy ähli maglumatlary gijikdirmezden geçirmegi üpjün edýär. Soňra bolsa, başga ýerde duran ulagy sürüp, gitmeli salgysyna eltýär. Bu täzeçil tehnologiýanyň 5G arabaglanyşygy arkaly mümkin bolýandygy bellenilýär.

Şahnoza Bahtyýarowa, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyby.