Germaniýanyň ilaty 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek azaldy

3

Germaniýanyň ilaty migrantlaryň sanynyň we çaga dogluşynyň azalmagy sebäpli geçen ýyl 2020-nji ýyldan bäri ilkinji gezek pese gaçdy. Ýurduň Federal statistika edarasy (Destatis) 2025-nji ýyla degişli maglumatlary ýaýratdy. Geçen ýyl ýurtda ýaşaýanlaryň sany 110 müň (0,1%) azalyp, 83,5 milliona düşüpdir.
Göçüp gelenler bilen göçüp gidenler deňeşdirilende, Gündogar Germaniýada 0,5%, Günbatar Germaniýada 0,1% pese gaçyşlyk hasaba alnypdyr. Berlin, Hamburg we Bremen ýaly iri şäherleriň ýaşaýjylary artypdyr. Ýurduň ilaty “Covid-19” sebäpli 2020-nji ýylda azalandygyny hasaba almasaň, 2011-nji ýyldan bäri yzygiderli artyp gelýärdi.
Ýurtda ýaşlaryň sany hem azalýar. 20 ýaşdan kiçiler 88 müň, 20-59 ýaş aralygyndaky nesil 409 müň azalypdyr. Şeýlelikde, 60 ýaş we ondan ulular umumy ilatyň 31 göterimini emele getiripdir.
Ýurtda ýaşaýan daşary ýurtlularyň 67,6 göterimini 20-59 ýaş aralygyndaky işe ukyply nesil emele getirýär.
Germaniýadaky daşary ýurtlular geçen ýyl 39 müň artyp, 12,4 milliona ýetdi. Bu görkeziji soňky 15 ýyldaky iň pes görkeziji boldy. Geçen ýyl ýurda 283 müň migrant göçüp baran eken.
Germaniýada ýaşaýan iň köp daşary ýurtlyny türkler emele getirdi. Ýurtda 1 million 385 müň türkiýeli ýaşaýar. 1 million 167 müň ukrainaly, 856 müň siriýaly, 763 müň rumyniýaly we 700 müň polşaly ýaşaýar.