Mbappeniň rekordy fransuzlara ýeňiş getirdi

6

Demirgazyk Amerikanyň 3 ýurdunda ýokary depginde dowam edýän 23-nji FIFA Dünýä Kubogynda “I” toparçada Fransiýanyň ýygyndysy bilen Senegalyň ýygyndysy duşuşdy. “MetLife Stadium”-da oýnalan oýnuň 1-nji ýarymynda hasap açylmady. Duşuşygyň 66-njy minutynda Kilian Mbappe fransuzlary öňe saýlady. Oýna soň goşulan Nikola Barkola 82-nji minutda hasaby 2-0-a ýetirdi. 90+5-nji minutda Ibrahim Mbaýe aratapawudy 1 gola düşürse-de, 1 minutdan soň Kilian Mbappe uzakdan batly urgy bilen 3-nji goly senegallylaryň derwezesinden girizdi.

3-1 hasabynda ýeňiş gazanan Fransiýanyň ýyldyzy Kilian Mbappeniň Dünýä Kubogyndaky gollarynyň sany 14-e ýetdi (15 oýunda). Şol bir wagtyň özünde hem Mbappeniň Fransiýanyň ýygyndysynda 99 duşuşykda geçiren gollarynyň sany 58-e ýetip, ol Oliwie Žirunyň rekordyny täzeledi.

Şeýle-de, Fransiýa 2002-nji ýyldaky ýeňlişiň öwezini dolmagy başardy. Mundan 24 ýyl öňki çempionatyň açylyş duşuşygynda Fransiýa çempion hökmünde gatnaşan ýaryşynda Senegaldan 1-0 hasabynda utulypdy.

Bu Fransiýanyň DK-däki 40-njy ýeňşi diýlip hasaba alyndy.

Duşuşygyň baş emini, asly eýranly Awstraliýanyň raýaty bolan Alireza Fagani 4-nji Dünýä Kubogyna gatnaşan ilkinji emin hökmünde bellendi. Ol 2014-nji ýylda 4-nji emin bolup, 2018-nji we 2022-nji ýyllarda-da meýdançada jürlewük çalypdy.