Hytaý geçen 2022-nji ýylda Germaniýanyň eýýäm ýedinji ýyl yzly-yzyna iň möhüm söwda hyzmatdaşy boldy. Bu barada Ýewropanyň Federal statistika gullugy habar berdi. Maglumatlara görä, 2022-nji ýylda Hytaýdan Germaniýa haryt importy 33,6% ýokarlanyp, 191,1 milliard ýewro ýetdi. Germaniýadan Hytaýa eksport 3,1% ýokarlanyp, 106,8 milliard ýewro barabar boldy. ABŞ 247,8 milliard ýewro haryt importy bilen ikinji orny, onuň yz ýanyndan bolsa, Niderlandlar gelýär.
Kilsk dünýä ykdysadyýeti institutynyň taýýarlan hasabatyna görä, Hytaýdan getirilýän harytlaryň köp bölegi Germaniýanyň ykdysadyýeti üçin tapylgysyzdyr.
PDF









