Teh­no­lo­gi­ýa ba­bat­da ösen­di­gi bi­len ta­pa­wut­lan­ýan Ýa­po­ni­ýa hal­ka­ra sport we beý­le­ki çä­re­le­ri ka­bul eden­de has ýat­da ga­ly­jy tä­ze­lik­le­ri ta­nyş­dyr­ýar. Hä­zir­ki wagt­da ge­çi­ril­ýän «EXPO 2025» ser­gi­si my­na­sy­bet­li hem bir­nä­çe teh­no­lo­gi­ýa en­ja­my ta­nyş­dy­ry­lýar. Şo­la­ryň bi­ri hem örän in­çe we çe­ýe Gün pa­ne­li­dir. In­di bol­sa bu pa­nel­ler egin-eşik­le­re ti­ki­lip, adam­la­ry ys­sy ho­wa­da ser­gin­led­ýän en­jam­la­ry iş­led­ýär. Onuň ag­ra­my­nyň ma­ta­nyň bo­ýa­gy ýa­ly ýe­ňil­di­gi bel­le­nil­ýär. Ýeň­siz eşi­ge ti­ki­len bu pa­nel­le­riň ag­ra­my ba­ry-ýo­gy 4 gram bo­lup, eg­niň ýa­ny­na ýer­leş­di­ri­len ser­gin­le­di­ji­ni tok bi­len üp­jün ed­ýär. Bu in­no­wa­tiw ýeň­siz «Toyo­da Go­sei», «Enecoat Techno­lo­gi­es» hem-de «Sei­ren» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň hyz­mat­daş­ly­gy ne­ti­je­sin­de ön­dü­ril­di. Ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa bi­len ön­dü­ri­len pa­nel­ler pes ýag­ty­lyk­da hem ener­gi­ýa ön­dür­ýär. «Enecoat Techno­lo­gi­es» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy Ta­mot­su Ho­riu­çi bu pa­nel­le­riň lam­pa­nyň çy­ra­syn­dan hem elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny ön­dü­rip bil­ýän­di­gi­ni bel­le­ýär.
Ýa­po­ni­ýa 2040-njy ýy­la çen­li Gün­den alyn­ýan ener­gi­ýa­nyň möç­be­ri­ni 20 gi­ga­wa­ta ýe­tir­me­gi mak­sat edin­ýär. Tä­ze teh­no­lo­gi­ýa ilat­ly ýer­ler­de hem gur­lup bil­ner. Bu bol­sa, ener­gi­ýa­nyň sarp edil­ýän ýe­rin­de ön­dü­ril­me­gi­ni üp­jün eder.

Ba­har­gül LAL­LY­KO­WA,
«Ahaltelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň Babadaýhan etrap aragatnaşyk bölüminiň hünärmeni.