Dünýäniň 24 sagat aýdym-saz berýän ilkinji teleýaýlymy bolan MTV ýylyň ahyryna çenli 5 kanalyny hemişelik ýapmak kararyna geldi. 1981-nji ýylda ABŞ-ly tomaşaçylara ýaýlym berip başlan MTV pop aýdymlary bilen köpleriň tomaşa edýän kanalyna öwrülipdi. “Paramount Global”, “MTV Music”, “MTV 80”, “MTV 90”, “Club MTV” we “MTV Live” kanallarynyň 31-nji dekabrdan başlap, ýaýlymynyň duruzyljakdygy mälim edildi. 44 ýyllap ýaýlyma dowam eden kanallar ilki Angliýada we Irlandiýada soňra bolsa, Fransiýa, Germaniýa, Awstriýa, Polşa, Wengriýa, Awstraliýa we Braziliýa ýaly ýurtlarda ýapylar.
MTV kanalyna eýeçilik edýän “Paramount” kompaniýasy teleýaýlymlaryň ýapylmagynyň sebäbi bilen bagly beýanat ýaýratmady.
MTV rok, pop we saz aýdymlaryny we konsertleri berýär.