Gimalaýlarda täze ýyrtyjy peýda boldy

8

Gimalaýlaryň belent daglyk sebitlerinde ýerli ekoulgama, haýwanat dünýäsine we ynsan ömrüne çynlakaý wehim salýan täze gibrid ýyrtyjy peýda boldy. Ýerli dilde «khipşang» diýlip atlandyrylan bu jandaryň arassa ganly Gimalaý möjegi bilen meýdan itleriniň gatyşmagyndan emele gelendigi anyklandy. Häzirki wagtda Gimalaýlaryň günbatar bölegindäki Ladakh sebitinde bu gibridleriň 80-e golaýynyň bardygy hasaba alyndy we alymlar olaryň tebigatdaky näzik deňagramlylygy bozmagyndan hem-de adamlar üçin düýpli howp döretmeginden uly alada edýärler.
«Snow Leopard Conservancy India Trust» tebigaty goramak guramasynyň direktory Tsewang Namgalyň ylmy neşirlerdäki çykyşlaryna görä, täze ýyrtyjy beden gurluşy boýunça itden uly, emma möjekden kiçidir hem-de sarymtyl-gum reňkli gysga tüýe eýedir. Onuň esasy tapawutly aýratynlygy adamdan gorkmazlygyndadyr. Uly bolmadyk it sürüleriniň öňüne düşüp, olara baştutanlyk edýän khipşanglar, eýýäm, ýerli obalara aralaşyp, öý haýwanlaryna we adamlara hüjüm edip başladylar. Hünärmenler bu ýyrtyjylaryň wagtyň geçmegi bilen möjeklere mahsus bolan awçylyk endiklerini haýwanat dünýäsiniň ýabanylaşan wekillerine – meýdan itlerine geçirmeginiň mümkindigini, munuň bolsa sebitde ynsan bilen tebigatyň arasyndaky gapma-garşylygy has-da ýitileşdirjekdigini duýdurýarlar.