«Alvarez & Mar­sal» mas­la­hat be­riş kom­pa­ni­ýa­sy bi­len «Go­og­le» sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy­nyň ösü­şi­ni do­wam et­dir­jek­di­gi­ni mä­lim et­di. Çak­la­ma­la­ra gö­rä, sy­ýa­hat­çy­lyk pu­da­gy 2050-nji ýy­la çen­li düý­bün­den baş­ga­ça bo­lar. Ýüz­ýyl­ly­gyň or­ta­syn­da sy­ýa­hat ed­ýän ila­tyň sa­ny 50 gö­te­rim­den 70 gö­te­ri­me çy­kar. Şeý­le­lik­de, pu­da­gyň pul do­la­ny­şy­gy 4,2 tril­li­on dol­lar­dan ge­çer. Di­ňe hal­ka­ra däl, eý­sem içer­ki sy­ýa­hat­çy­lyk hem ar­tar. Mag­lu­ma­ta gö­rä, hal­ka­ra sy­ýa­hat soň­ky 25 ýyl­da iki es­se art­dy. 2050-nji ýy­la çen­li bol­sa, ýe­ne-de iki es­se ar­tar. Has köp sy­ýa­hat edil­ýän 5 ýe­re bar­ýan­la­ryň sa­ny 26 gö­te­rim­den 18 gö­te­ri­me dü­şer. Onuň de­re­gi­ne tä­ze sy­ýa­hat­çy­lyk no­kat­la­ry eme­le ge­ler.