«Samsung Electronics» kompaniýasynyň paýnamalarynyň bahasy soňky 1 ýylda dört esse artyp, kompaniýanyň umumy bahasy 1 trillion dollardan geçdi. Şeýlelikde, kompaniýa TSMC-den soňra şeýle sepgide ýeten ikinji aziýaly brend boldy. Kompaniýanyň emeli aň çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy paýnamalaryň bahasynyň artmagyna getiripdir. Kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 1 günde 13% ýokarlandy. Esasan, emeli aň maglumat merkezleri kompaniýanyň ýokary tehnologiýaly çiplerine isleg bildirýärler. «Samsung» bilen bir hatarda «SK Hynix» we TSMC ýaly kompaniýalar Aziýanyň emeli aň önümçiligindäki ornuny berkidýärler.
PDF









