Türkiýäniň günorta-gündogaryndaky Şanlyurfa welaýatynda ýerleşýän Göbeklitepe taryhy ybadathana toplumyna 2025-nji ýylda 781 müň ýerli we daşary ýurtly syýahatçy baryp gördi. Şanlyurfa welaýatynyň Medeniýet we syýahatçylyk müdirliginiň maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda merkezi Kahramanmaraşda bolan weýrançylykly ýer titremesiniň netijeleri sebäpli dörän iki ýyllyk pese düşüşden soňra, Göbeklitepä gelýän syýahatçylaryň akymy ýene-de dikeldi.
Welaýat häkimiýeti eýýäm şu ýylyň ahyryna çenli 12 müň ýyllyk taryhy bolan megalit toplumyna geljek syýahatçylaryň sanynyň 1 million adama ýetjekdigine umyt edýärler.
Şu ýyl Şanlyurfada geçiriljek “TEHNOFEST-2026” aerokosmos we tehnologiýa festiwaly hem ybadathana toplumyna gelýänleriň sanynyň artmagyna itergi bermegine garaşylýar.
Göbeklitepe toplumy 1963-nji ýylda tapyldy we 2018-nji ýylyň iýulynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşuldy. 1995-nji ýylda bu ýerde gazuw-agtaryş işleri başlanandan soň, arheologlar neolit döwrüne degişli bolan, boýy 3-den 6 metre çenli, agramy 40-dan 60 tonna çenli ýetýän, üstünde haýwanlaryň şekilleri bolan T görnüşli sütünleri ýüze çykardylar.
2019-njy ýylyň martynda toplumyň resmi açylyş dabarasy geçirilip, Türkiýede 2019-njy ýyl “Göbeklitepe ýyly” diýlip yglan edilipdi.
PDF









