Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Türk­me­nis­tan spor­tuň we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň da­ba­ra­lan­ýan ýur­du­na öw­rül­ýär. Ýur­du­myz­da spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len bir­lik­de, dün­ýä­de giň­den meş­hur bo­lan golf spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne hem uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Golf di­ňe bir sport oý­ny bol­man, eý­sem, yn­sa­nyň sa­byr­ly­ly­gy­ny, ta­kyk­ly­gy­ny, paý­has­ly he­re­ket et­me­gi­ni we özü­ne bo­lan yna­my­ny kä­mil­leş­dir­ýän öz­bo­luş­ly sun­gat­dyr.
Golf ýö­ne­keý oýun ýa­ly gö­rün­se-de, onuň aňyr­syn­da uly us­sat­lyk, çuň­ňur pi­kir­len­mek we güýç­li erk ýa­tyr. Şo­nuň üçin hem golf dün­ýä­de di­ňe bir be­den taý­ýar­ly­gy­nyň däl, eý­sem, ru­hy dur­nuk­ly­ly­gyň hem spor­ty hök­mün­de yk­rar edil­ýär.
Ýur­du­myz­da sport inf­rast­ruk­tu­ra­sy­nyň yzy­gi­der­li kä­mil­leş­di­ril­me­gi gol­fuň ös­me­gi üçin hem giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da gur­lan döw­re­bap golf top­lu­my bu ugur­da mö­hüm ädim­le­riň bi­ri­dir. Onuň gö­zel te­bi­gat bi­len saz­la­şyk­ly meý­dan­ça­la­ry spor­tuň bu öz­bo­luş­ly gör­nü­şi­ne bo­lan gy­zyk­lan­ma­nyň art­ma­gy­na ýar­dam ber­ýär. Gol­fuň ýur­du­myz­da ös­dü­ril­me­gi di­ňe bir spor­tuň tä­ze gör­nü­şi­niň ýaý­baň­lan­ma­gy däl, eý­sem, sag­dyn dur­muş me­de­ni­ýe­ti­niň baý­laş­ma­gy, ýaş­la­ryň boş wagt­la­ry­ny peý­da­ly ge­çir­me­gi we hal­ka­ra sport gat­na­şyk­la­ry­nyň gi­ňel­me­gi üçin hem äh­mi­ýet­li­dir.
Gü­neş­li Türk­me­nis­tan­da golf spor­ty üçin dö­re­dil­ýän şert­ler sport bi­len dynç al­şy ut­gaş­dyr­ma­gyň öz­bo­luş­ly nus­ga­sy­ny gör­kez­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler ýur­du­my­zyň sport sy­ýa­hat­çy­ly­gy­nyň gel­jek­ki ösü­şi üçin hem tä­ze göz­ýe­tim­le­ri açyp bi­ler. Ar­ka­dag şä­he­rin­de we «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da döw­re­bap golf meý­dan­ça­la­ry­nyň gu­rul­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýär.
Golf bi­ze mö­hüm bir ha­ky­ka­ty ýat­lad­ýar: uly mak­sat­la­ra ýet­mek üçin di­ňe güýç däl, sa­byr, ta­kyk­lyk we ynam hem ze­rur­dyr. Ki­çi­jik golf to­pu­nyň uzak ara­lyk­la­ry aşyp, ny­şa­na ýet­me­gi yn­sa­nyň dur­muş­da­ky mak­sat­la­ry­na ta­rap ynam­ly ädim­le­ri­ni ýat­lad­ýar.
Türk­me­nis­tan­da golf spor­tu­nyň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň sport dün­ýä­sin­dä­ki müm­kin­çi­lik­le­ri­niň bar­ha gi­ňel­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Spor­tuň bu aja­ýyp gör­nü­şi gel­jek­de tä­ze ze­hin­le­riň ýü­ze çyk­ma­gy­na, dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ryň ber­ke­me­gi­ne we sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­niň has-da da­ba­ra­lan­ma­gy­na go­şant go­şup bi­ler.

Aýnur AKYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.