2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. Munuň özi türkmen halkynyň öz milli şahyryna, onuň guşgursak bugdaýyň dok maňyzly dänesi ýaly many-mazmunly, sadadan düşnükli, halky dilde çeper beýan edilen goşgularyna bolan egsilmez söýgüsini aňladýar. Magtymgulynyň goşgulary çeperçiligiň iň ýokary derejesinde bolmak bilen, tema taýdan örän giň we köpgyraňlydyr. Onuň şygyrlarynda bütin Gündogar edebiýatynda meşhur bolan, saýlantgy, uly göwrümli hekaýatlar, rowaýatlar, poemalar, dessanlar, eposlar… sanlyja setirlerde many-mazmun taýdan özenini ýitirmän, halky dilde çeper beýan edilýär. Biz bu söhbedimizde Magtymgulynyň türkmen halk döredijiliginden, hususan-da «Görogly» eposyndan edebi täsirlenendigi hakynda kelam-agyz durup geçmekçi. Bütin Gündogar edebiýatynda meşhur Hoja Nasreddin Ependi Gündogar halklaryň (türkmen, özbek, gazak, türk, azerbaýjan…) 23-sinde bar bolsa, meşhur «Görogly» eposy halklaryň 27-siniň halk döredijiliginde bar. Biz muny halk eposynyň ýaýrawynyň giňligini aýtmak üçin mysal getirdik. Magtymguly «Görogly» eposyny okapdyr diýip aýtmaga esas bar. Şahyr özüniň goşgy setirlerinde: «Görogly dek dagdan-daga ugrasam» diýip belleýär. Biz hakykatdan hem Göroglynyň ýaşan ýurdunyň daglyk ýurtdugyny, ýagny Çardagly Çandybildigini bilýäris. Çar ýa-da çahar pars dilinde dört diýmek. «Görogly» eposynda Üçgümmez dagy, Ýyldyz dagy, Kuhi-Kap (Kap dagy), Goja dagy, Arzyrum dagy, Ak dag, Gara dag, Balkan dagy, Mejnun dagy… we beýleki daglaryň atlaryna duş gelýäris. Eposda «Balkan degresidir ýurduň Öwez jan» ýaly daglar bilen bagly setirler häli-şindi gabat gelýär.
Magtymguly özüniň «Delalat ýagşy» atly goşgusynda:
Magtymguly, şükür, şirin til berdi,
Şejerler gögerip, semer gül berdi,
Görogly Reýhana neneň ýalbardy,
«Amandyr» diýene diýanat ýagşy –
diýip belleýär. Bu ýerde «Görogly» eposynyň «Arap Reýhan» şahasyndaky wakalar göz öňünde tutulýar. Bu şahada Görogly gapyl bolup Arap Reýhanyň goluna ýesir düşýär. Şu ýerde Göroglynyň Arap Reýhana ýüzlenip:
Serhowuz galdy saýasyz,
Öwez jan galdy daýasyz,
Çandybil galdy eýesiz,
Arap gardaş, aman-aman –
diýen setirleri bada-bat ýadyňa düşýär.
«Görogly» eposynyň birinji «Göroglynyň döreýşi» şahasynda Jygalybeg ýaňy ýetişip barýan ýetginjek Görogla öwüt-nesihat berip:
Ýalňyz balam, algyn pendim,
Ýurduň terk ediji bolma!
Özüňden egsik namardyň
Minnetin çekiji bolma! –
diýen setirler bilen başlanýan meşhur goşgusy bar. Öz gezeginde şu goşgynyň dowamy ýaly bolup görünýän eposyň «Kempir» (käbir nusgalarda «Gyratyň ogurlanyşy») şahasynda Görogly kyrk ýigidine ýüzlenip:
Bolmaz meniň garamatym,
Neýlesin tenha Gyratym,
Kyrklar meniň gol-ganatym,
Bimahal syngujy bolmaň!
diýip, kyrk ýigidine öwüt-nesihat berýär.
Magtymguly Pyragynyň özüniň öwüt-nesihat temadaky 32 bentlik meşhur «Gidiji bolma» goşgusy hem şeýle başlanýar.
Gel, eý, köňlüm saňa nesihat kylaý,
Watany terk edip gidiji bolma!
Özüňden egsik bir gaýry namardyň
Hyzmatynda gulluk ediji bolma!
«Görogly» eposyndaky we Magtymgulydaky bu goşgularyň birinji bendi meňzeş bolup, goşgynyň soňky bendi şeýle tamamlanýar:
Magtymguly köňülde köpdür armany,
Tapmady akybet derde dermany,
Ýetişer bir güni Taňry permany,
Ruzy-şeb gaflatda ýatyjy bolma!
Akyldar şahyr bu goşgusynda durmuşyň dürli ugurlarynda öwüt-nesihat berýär. Magtymguly we Görogly hakyndaky söhbedimizi jemläp aýtsak, Magtymguly «Görogly» eposyndan habarly bolup, ýeri gelende ony öz goşgy setirlerinde gysga, çeper dilde beýan edipdir.
Güljeren Nurgylyjowa,
Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň direktorynyň orunbasary.