Dünýäniň iň uly maýa goýum gaznalarynyň biri hasaplanýan Norwegiýanyň döwlet pensiýa gaznasy geçen ýyl rekord derejede girdeji gazandy. Gaznanyň uly girdeji gazanmagyna tehnologiýa paýnamalarynyň täsiri ýokary bolupdyr. Şeýlelikde, gazna jemi 2,22 trillion norweg kronasy (213 milliard amerikan dollar) peýda gazanypdyr. Gaznanyň maýa goýumdan alan girdejisi ýylyň dowamynda 16,1 göterim ýokarlanypdyr. 2022-nji ýylda gazna ýokary hümmetsizlenme sebäpli 164,4 milliard dollar zyýan çekipdir. Gaznanyň ýolbaşçysy Nikolaý Tangen hümmetsizlenmäge hem-de geosyýasy çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, 2023-nji ýylda paýnama bazarynyň ösendigini, esasan hem, tehnologiýa paýnamalarynyň gowy netije görkezendigini belledi.
Umumy möçberi 1,6 trillion dollar bolan gaznanyň dünýäniň 70 ýurdunda 8 müň 500-den gowrak kompaniýada paýnamasy bar.
Banu ATABEKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.
PDF









