Golaýda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Lukmançylyk fizikasy we informatikasy kafedrasynyň mugallymy Mähri Daňatarowa Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäginde geçirilen bäsleşikde birbada iki sany hormatly ada – “GDA-nyň iň gowy mugallymy” hem-de “GDA-nyň iň gowy ýaş alymy” diýen atlara mynasyp boldy. Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen bu halkara bäsleşik GDA ýurtlarynyň iň zehinli mugallymlaryny we alymlaryny ýüze çykarmak maksady bilen “Bilim orkenieti” hem-de “Žaňa Gazagystan” ylmy-barlag merkezleri tarapyndan guraldy. M.Daňatarowa “Deriniň toplumlaýyn korreksiýasynda laktozaly geli ultrafonoforez arkaly ulanmagyň ähmiýeti” atly ylmy işi hem-de döwrebap okatmak usullary bilen tapawutlanyp, halkara eminleriň ýokary bahasyny almagy başardy.
Bu ýeňiş türkmen ýaşlarynyň ylmy mümkinçilikleriniň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde berilýän bilimiň ýokary hiliniň aýdyň mysalyna öwrüldi. Şeýle hem bu üstünlik türkmen alymlarynyň halkara ylym giňişligindäki ornunyň barha berkeýändigini görkezýär.
Gazanan netijeleri üçin Mähri Daňatarowa ýörite I derejeli diplom, halkara şahadatnama we döşe dakylýan hormat nyşany bilen sylaglandy.