Adam­la­ryň kö­pü­si go­şar sa­ga­dy­ny çep eli­ne da­kyn­sa­lar, kä­bir adam,
esa­san hem, ze­nan­lar sa­ga­dy sag eli­ne dak­ýar­lar. Go­şar sa­ga­dy­nyň haý­sy
ele da­kyl­ýan­dy­gy ba­ra­da dür­li pi­kir­ler bar. Eý­sem, go­şar sa­ga­dy haý­sy ele da­kyl­ýar?!

Adam­la­ryň ag­la­ba bö­le­gi iş­le­mek üçin haý­sy eli­ni az ulan­ýan bol­sa­lar, sa­ga­dy hem şol eli­ne dak­ýar­lar. Bu, esa­san, sag­la­kaý we çep­be­keý­lik bi­len bag­la­ny­şyk­ly ýag­daý­dyr. Dün­ýä­de sag­la­kaý­la­ryň köp­dü­gi se­bäp­li, go­şar sa­gat­la­ry çep ele da­kyl­ýar. Çep­be­keý­ler bol­sa, sa­ga­dy sag eli­ne dak­ýar­lar.
Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra göz aý­la­sak, XX asy­ryň baş­la­ryn­da il­kin­ji jü­bi sa­gat­la­ry peý­da bo­lup, wagt gör­kez­ýän en­jam­la­ry di­ňe er­kek­ler ula­nyp­dyr. Olar hä­zir­ki döw­rüň go­şar sa­gat­la­ryn­dan has uly bo­lup, ýö­ri­te ti­ki­len tor­ba­lar­da sak­la­ny­lyp­dyr. Jü­bi sa­gat­la­ry­nyň daş­ky ýü­zi köp döw­le­gen bo­lan­dy­gy we sa­ga­dyň hro­no­metr­le­ri­ni ze­per ýet­mek­den go­ra­mak mak­sa­dy bi­len sa­gat­la­ry has az iş edil­ýän çep ele da­ky­nyl­ma­gy ma­kul bil­nip­dir. Ýag­ny sa­ga­dyň çep ele da­kyl­ma­gy, oňa bel­li bir de­re­je­de zy­ýan ýet­me­gi­niň öňü­ni al­mak­dan yba­rat bo­lup­dyr. Çep el sa­ga­dy dö­wül­mek­den go­rap sak­lap­dyr.
As­lyn­da, go­şar sa­ga­dy­ny haý­sy eli­ňe da­ky­na­nyň ta­pa­wu­dy ýok. Esa­sy zat eli­ňe amat­ly­ly­gy we iş­lä­niň­de päs­gel ber­mez­li­gi­dir. Dün­ýä­de di­ňe bir sag­la­kaý­lar üçin däl, eý­sem, çep­be­keý­ler üçin hem tow­la­wa­jy we düm­we­le­ri çep ta­rap­da ýer­leş­ýän sa­gat­lar ön­dü­ril­ýär.
Öý­jük­li te­le­fon­la­ryň peý­da bo­lan ýyl­la­ryn­da go­şar sa­ga­dy­ny ulan­ýan­la­ryň sa­ny aza­lyp baş­lap­dy. Soň­ky ýyl­lar­da «akyl­ly» sa­gat­la­ryň iş­le­nip dü­zül­me­gi bi­len wagt gör­kez­ýän bu en­jam­la­ryň meş­hur­ly­gy ýe­ne-de art­dy. «Akyl­ly» sa­gat­lar di­ňe wag­ty gör­kez­mek bi­len çäk­len­män, jaň et­mek­de, SMS oka­mak­da, äden ädi­mi­ňi sa­na­mak­da, sag­lyk ýag­da­ýyňdan ha­bar­ly bol­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Kä­bir adam go­şar sa­ga­dy­ny be­zeg üçin da­kyn­ýan bol­sa, köp­ler bu en­ja­my ýer­lik­li ulan­ýar­lar. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de her ýyl 1 mil­liard­dan gow­rak «akyl­ly» sa­gat we 80 mil­li­on­dan gow­rak me­ha­ni­ki sa­gat ön­dü­ril­ýär.