“DNA Barselona” binagärlik kompaniýasy Meksikanyň Tulum şäherinde äpet gowagyň içinde ýerleşýän dynç alyş merkezini gurar. Jeňňeliň jümmüşinde guruljak toplumy çäginde myhmanhana, howuz we dynç almak üçin ähli amatlyklar bolar. Binagärlere şeýle dynç alyş merkezini gurmaga Meksikada duş gelýän gowak ylham beripdir. Gadymy Maýýa taýpalary olary guýy diýip atlandyrypdyrlar. Binagärler bolsa öz taslamasynda şeýle gowak ýasapdyrlar. Myhmanhana otaglary dynç alyş merkeziniň perimetri bilen ugurdaş, onuň merkezinde bolsa oturgyçly howuz bolar.
Özboluşly görnüşi sebäpli şypahana peýzažyň sazlaşykly bölegine öwrüler. Binagärleriň pikiriçe bu dynç alyş merkezi yssy howada hatda guýudan hem salkyn bolar. Şeýle hem bu sebitde nusgawy otagly sekiz sany ýönekeý bina gurlar. Jaýlar dynç alyş merkeziniň umumy keşbinde bina ediler. Şeýle-de bu künjek dürli gök öwüsýän agaçlar bilen bezeler.
Toplum ýerli tebigy materiallardan gurlup, bu bolsa daşamak üçin çykdajylary azaltmaga kömek eder. Mundan başga-da, myhmanhanada ýagyş suwuny ýygnamak ulgamy bolar.
Maýa Jumaýewa, Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.
PDF









