Türkmen milli oýunlary
Gözdaňdy oglan-gyzlaryň arasynda bilelikde geçirilýän türkmen milli oýunlarynyň biridir. Oýny islendik meýdançada, açyk meýdanda oýnap bolýar. Oýna gatnaşýan oglan-gyzlar ýany bilen ýaglyk, arassa kagyz we hek getirmeli bolýarlar. Ilki bilen, oýunçylaryň sanyna laýyklykda diametri 4-7 metr bolan tegelek çyzyk çyzmaly. Soňra bije atyşmak arkaly gözüni daňmaly oýunçyny (eşekçi) kesgitlemeli. «Bijeli oglan aglamaz» diýlişi ýaly, kim eşekçi saýlansa, gözüne kagyz goýup, soňra ýaglyk bilen daňmaly. Gözi daňlan oýunçyny tegelek meýdançanyň merkezine getirmeli. Beýleki oýunçylar bolsa tegelegiň daşynda halkalaýyn düzülmeli.
Oýun eminiň görkezmesi boýunça başlanýar. Oýunçylaryň ählisi tegelegiň içine girip, gözi daňlan oýunça elini degirýärler. Eşekçi oýunçylaryň haýsy hem bolsa, birini tutmaga synanyşmaly. Eger oýunçylaryň birini tutaýsa, onda ele düşen oýunçy eşekçiniň adyny tutup gygyrmaly. Eşekçi hem tutulan oýunçyny sesinden tanap adyny aýtmaly. Şondan soň eşekçi gözündäki ýaglygy aýryp, tutulana gezegi geçirýär. Eger-de eşekçi tutulan oýunçyny sesinden tanap bilmese, ony goýberip, ýene-de öňküsi ýaly meýdançanyň içinde oýny dowam edýär.
Oýnuň düzgünine görä, tegelegiň içinde kowalamak ýa-da tegelegiň içinden çykmak bolmaýar. Gözi arassa ýaglyk bilen daňmaly, şeýle hem her gezek eşekçi çalşanda her kim öz ýanynda getiren ýaglygyny gözüne daňmaly. Eşekçiniň jyklamazlygy üçin ýaglygyň aşagyndan elýaglyk ýa-da arassa ak kagyz hem goýup bolar. Oýnuň dowamynda gözi daňylgy oýunçyny urmak, depmek ýa-da gödek hereketler etmek gadagan edilýär. Şeýle ýagdaýda emin şol oýunça duýduryş berýär ýa-da oýundan çykarýar. Adatça gözdaňdy oýnunda emin agza uly ýaşly adamlardan saýlanýar. Bu oýny mekdepde mugallymyň gözegçiliginde hem ýerine ýetirip bolar.
Gözdaňdy oýny ösüp gelýän ýaş nesliň ýatkeşligini ösdürmekde, çeýeligini artdyrmakda we ünsüni jemlemekde uly ähmiýete eýedir. Dostlugy we jemgyýetçilik gatnaşygyny ösdürýän bu oýun gyzykly güýmenjeleriň biridir.