Gresiýanyň Santorini, Mikonos we beýleki adalaryna baran kruiz gämilerinden her ýolagçy üçin 20 ýewro salgyt alnar. Gresiýanyň Maliýe ministrliginiň spikeri täze düzgüne görä, salgydyň her adada dürlüçe boljakdygyny habar berdi. Has kiçi adalara baran gämileriň ýolagçylaryndan 5 ýewro alnar. Ýurt 1-nji iýundan 30-njy sentýabra çenli aralykda alynjak salgytdan her ýylda 50 million ýewro girdeji gazanmagy maksat edinýär. Gresiýa geçen ýyl syýahatçylyk möwsüminde aşa köp adamyň gelmeginiň öňüni almak üçin şeýle kanuny kabul edipdi. Mundan ozal Ispaniýa, Italiýa ýaly beýleki Ýewropa ýurtlary hem şeýle düzgün ýola goýlupdy.