11-nji martda Grenlandiýada ählumumy saýlawlar geçiriler. Bu barada awtonom sebitiň Premýer-ministri Mute Egede habar berdi. Saýlaw kampaniýasynyň esasy temasynyň adanyň garaşsyzlyga ymtylmagy, ykdysady ösüşi we onuň Daniýa we ABŞ bilen gatnaşyklary barada bolmagyna garaşylýar.
“Biz çynlakaý döwri başdan geçirýäris. Şonuň üçin biziň agzybirligimizi hem-de jebisligimizi has-da berkitjekdigimize ynanýaryn” – diýlip, Mute Egedeniň sosial ulgamdaky beýanatynda bellenilýär. Grenlandiýanyň parlamenti Egedeniň mart aýynda saýlaw geçirmek baradaky teklibini biragyzdan makullady. Daniýanyň 57 müň ilatly ýarym awtonom bölegi bolan Grenlandiýa özüniň işewürlik üçin açykdygyny, ýöne keseki bir ýurduň bölegi bolmak islemeýändigini mälim etdi. Ýaňy-ýakynda geçirilen pikir soralyşyklarda grenlandiýalylaryň köpüsiniň sala salyşyk geçirilse Garaşsyzlyga ses berjekdigini syzdyrdylar. Adanyň ýaşaýjylarynyň 85 göteriminiň ABŞ-nyň bir bölegi bolmak islemeýändigini mälim etdiler. Diňe 6 göterimi makullady, 9 göterimi bolsa entek belli bir pikiriniň ýokdugyny aýtdy.
Grenlandiýa Ýer şaryndaky iň uly adadyr. Ol geografik taýdan Demirgazyk Amerikanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän hem bolsa syýasy we ykdysady babatda taryhy döwürlerden bäri Ýewropa ýurtlaryna ýakyndyr. Bu ada, töweregindäki kiçi adalar bilen bilelikde Daniýa Patyşalygynyň bir bölegi bolan adybir özbaşdak dolandyryş birligini emele getirýär. Ada Atlantik we Demirgazyk buzly ummanlary bilen ýuwulýar.