Adamzat köp ýyllaryň dowamynda owadan gülleri ösdürip ýetişdirmek bilen çäklenmän, olaryň has gözel görnüşlerini döredipdirler. Seýilgählerde we baglarda gülleri ekipdirler. Bägülleriň 40 müňden gowrak, çigildemleriň bolsa 7 müňe golaý görnüşleri bar. Bezeg ösümlikleriniň käbir görnüşi ýagtylygy halaýan bolsa, käsi kölegeli ýerde has gowy ösýär. Emma bezeg ösümlikleriň köp görnüşi ýagtylygy söýýär. Tomus aýlary otag şertlerinde ösýän ösümlikleri Gün şöhlesinden goramalydyr. Ösümlikler Günüň ýiti şöhlesinden goralmadyk ýagdaýda ýapraklarynda sary tegmiller peýda bolýar. Otag ösümlikleri köplenç penjireleriň öňünde ösdürilýär. Sebäbi ýagtylygy gowy görýärler we Gün şöhlesine zerurlyk duýýarlar. Penjire şöhläniň ýarysyny diýen ýaly saklap galýar, galan bölegini bolsa otag ösümliklerini iýmitlenýär. Otag şertlerinde ýetişdirilýän bezeg ösümlikleriniň ösmegi üçin diňe bir ýagtylyk zerur bolman, Gün şöhlesiniň düşýän wagty hem öz täsirini ýetirýär. Gyşda günüň otag ösümlikleriniň güllemegi üçin günde 8-10 sagat ýagtylyk gerek bolýar. Günüň ýagtylygyndan ortaça peýdalanýan ösümlikler uzak we gysga günde hem ösüş hadysalaryny kadaly geçirip bilýärler. Ýurdumyzyň howa şertlerinde noýabr, dekabr aýlarynda Gün şöhlesiniň täsirli wagty 9-10 sagat bolup, göni düşýän Gün şöhlesiniň ýagtylygy 4-5 sagada barabar bolýarlar. Bu bolsa otag şertlerinde ýaşaýan ösümlikler üçin ýeterlik bolmaýar. Şonuň üçin ösümlikleriň ösüş hadysalarynyň kadaly bolmagy üçin olary gündizlerine goşmaça ýagtylandyrmaly bolýar. Bezeg ösümlikleriniň kadaly ösüp ýetişmekleri üçin ýagtylyk, howa, toprak şertleri talabalaýyk üpjün edilmelidir. Otag şertlerinde ösýän ösümlikler güýçli ösüş döwründe köp derejede iýmiti talap edýärler. Ösümlikleriň kök arkaly iýmitlenmegi örän çylşyrymly hadysa bolup, ösümligiň iýmit çalşygy bilen baglanyşyklydyr. Kök arkaly iýmitleri sorup almak üçin köklere ýeterlik howa barmaly. Ösümliklere diňe bir idegler däl-de eýsem, olara azot, fosfar, kaliý, kalsiý, kükürt, demir, magniý ýaly mikroelementler zerur bolup durýar. Ýurdumyzda durmuşumyzyň bezegi bolan gülleri ýetişdirmek işlerine aýratyn ähmiýet berip, obadyr şäherlerimizde owadan we hoşboý ysly güller ösdürilip ýetişdirilýär. Şeýle işleriň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag ömürleri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli adamzat ähmiýetli işleriniň rowaç almagyny arzuw edýäris.

Maýsa Berdiýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.