Dünýäde ýel we Gün beketlerinden öndürilýän elektrik energiýasynyň mukdary rekord derejä ýetdi. Merkezi edarasy Londonda ýerleşýän “Ember” şereketiniň bilermenleri global energiýanyň 93 göterimini öndürýän 78 ýurda degişli maglumat taýýarlandy. Maglumata görä, geçen ýyl 2022-nji ýylda 2,5 göterim ýokarlanypdyr. Şeýlelikde, elektrik energiýasynyň ösüşiniň 80 göterimi ýel we Gün energiýasyna degişli bolupdyr. Netijede, global energiýa önümçiliginiň 12 göterimi Ýel we Gün beketleri arkaly öndürilipdir. Bu görkeziji 2021-nji ýylda 10 göterim töweregi bolupdyr.
Geçen ýyl global elektrik önümçiligi 3,7 göterimden 4,5 göterime ýetipdir. Şeýlelikde, Gün energiýasynyň önümçiliginde 24 göterim ösüş hasaba alyndy.
Ýel energiýasynyň global energiýa önümçiligindäki paýy 7,6 göterime ýetdi. Bu görkeziji 2021-nji ýylda 6,6 göterim bolupdyr.
Geçen ýyl altmyşdan gowrak ýurtda elektrik energiýasynyň önümçiliginde ýeliň we Günüň paýy 10 göterimden ýokary geçipdir.
Daniýa elektrik energiýasynyň önümçiliginde ýeliň paýy 55 göterim bilen dünýäde birinji bolupdyr.
Selbi Soltanowa, Türkmenistanyň Inžener–tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









