Günorta Koreýanyň häkimiýetleri 14 ýaşyndan kiçi çagalara jemgyýetçilik ulgamlaryndan peýdalanmagy gadagan etmegi meýilleşdirýärler. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Köpçülikleýin habar serişdeleri we kommunikasiýalar boýunça komissiýasynyň başlygy Kim Çon Çhol mälim etdi. Onuň sözlerine görä, täze meýilnamanyň çäklerinde 14 ýaşdan kiçi çagalara jemgyýetçilik ulgamlarynda hasap (akkaunt) açmak gadagan ediler, şeýle hem 14-19 ýaş aralygyndaky ýetginjekleriň bu platformalardan aşa köp peýdalanmagyna höweslendirýän algoritmleriň täsiri çäklendiriler. Häzirki wagtda ýurduň parlamentine kämillik ýaşyna ýetmedikleriň jemgyýetçilik ulgamlaryndan peýdalanmagyny düzgünleşdirýän ýedi sany kanun taslamasynyň hödürlenendigi bellenilýär.
PDF









