Guradylan miweler witaminlere baý bolup, düzüminde belok, uglewod, şeker, kaliý we süýüm saklanýar. Her gün 30 gram guradylan miwe iýmek maslahat berilýär. Mundan başga-da, lukmanlar gury ir-iýmişleriň saglyk üçin peýdaly taraplaryny belleýärler:
Gorag antioksidantlaryň çeşmesi. Guradylan miweler gorag antioksidanty häsiýeti bolan ösümlik birleşmelerine baý bolup, düzüminde antosýaninler, katekinler we fenollar bar. Bu birleşmeler gan aýlanyşynyň gowulanmagy üçin peýdaly bolup, süýjüli diabet, ýürek-damar ulgamynda döreýän käbir keselleriň töwekgelçiligini azaltmakda örän peýdalydyr.
Mikroelementleriň baý çeşmesi. Suwuň az mukdarynyň bardygy sebäpli, guradylan ir-iýmişler ter miweler bilen deňeşdirilende witaminleriň we minerallaryň has köp jemlenen çeşmesidir. Tebigy süýjüligi bilen lezzet berýän kakadylan miwelerden her gün 5 bölek iýlende iýmitlenişiň hilini ýokarlandyrmaga kömek edýär. Ýöne düzüminde köp kaloriýa saklaýandygy sebäpli her gün 100 gramdan köp iýmek maslahat berilmeýär.
Iýmit süýüminiň peýdaly çeşmesi. Guradylan miwelerde süýümiň mukdary täze ýolnan miweden iki-üç esse köpdür. Bu iýmit siňdiriş üçin peýdaly bolup, aşgazan-içege ulgamynyň işini tizleşdirýär.
Süňk üçin peýdaly. Geçirilen barlaglarda erik kişdesiniň süňk üçin peýdalydygy ýüze çykaryldy. Guradylan miweler K witamine baýdyr.
Guradylan miweler terligi ýaly ýokumlymy?
Lukmanlar miweleriň dilinip kakadylan ýagdaýynda belli bir möçberde suwuny ýitirýändigini, ýöne terligine garanyňda ýokumynyň güýçlenýändigini belleýärler. Kölegede serlip guradylan kişmiş, erik kişdesi, alma kaky, garaly we injir kişdesi, hurma kaky saglyk üçin peýdaly bolup, olardan şerbetler taýýarlap bolýar. Noguldyr süýjüler bilen bilelikde saçaga hem goýulýar.