Täze, 2026-njy – «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji günlerinden başlap, ykdysadyýetiň pudaklarynda, medeni-durmuş ulgamlarynda ýokary zähmet joşguny dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň çäklerinde gurluşyk pudagy hem yzygiderli ösdürilýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzda döwrebap desgalardyr binalar yzygiderli gurlup ulanylmaga berilýär. Gurluşygy alnyp barylýan desgalarda öz ýurdumyzda öndürilýän gurluşyk serişdeleriniň ulanylmagy, binalaryň gurluşygynyň çalt depginde amala aşyrylmagyna, gurluşygyň özüne düşýän gymmatynyň pes bolmagyna uly ýardam edýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, ýurdumyzda gurluşyk materiallaryny öndürýän täze zawodlar yzygiderli ulanmaga berilýär, öňden bar bolanlarynyň durky düýpli täzelenýär.
Häzirki wagtda arhitektura we gurluşyk işleri ylmy-tehniki ösüşler, şäher meýilnamalaşdyrma ýörelgeleri we kadalaşdyryjy-hukuk namalary esasynda alnyp barylýar.
Arhitektura we gurluşyk ulgamy döwlet ösüşiniň, şäherleşmegiň hem-de jemgyýetiň durmuş-ykdysady derejesiniň ýokarlanmagynyň esasy binýadydyr. Bu ugur ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, infrastruktura ulgamyny kämilleşdirmek hem-de milli medeni gymmatlyklary gorap saklamak bilen baglylykda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde arhitektura we gurluşyk pudagy sanly tehnologiýalaryň, innowasion materiallaryň hem-de energiýa tygşytlaýjy çözgütleriň ornaşdyrylmagy bilen ösdürilýär. «Akylly» binalar, durnukly ösüş ýörelgelerine esaslanýan taslamalar we ekologiýa taýdan arassa gurluşyk usullary şäherleriň geljekki ösüşinde möhüm orny eýeleýär.
Durnukly ösüş konsepsiýasy arhitektura we gurluşykda energiýa tygşytlaýjy, ekologiýa taýdan arassa we ykdysady taýdan netijeli çözgütleriň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Munuň çäklerinde täzelenýän energiýa çeşmelerini ulanmak, «ýaşyl» gurluşyk materiallaryny ornaşdyrmak ulgamlary ösdürilýär.
Zubeýda JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Serhet institutynyň harby talyby.
PDF









