Ýewropanyň bäş ýurdunda geçirilen ylmy barlaglar şäher guşlarynyň erkeklere garanyňda, zenanlara has duýgur çemeleşýändigini we olardan has çalt gaçýandygyny ýüze çykardy. «People and Nature» žurnalynda çap edilen ylmy tejribäniň netijeleri guşlaryň zenanlar golaýlaşanda howpy has ir syzyp, has uly aralykdan uçup gidýändiklerini görkezdi. Bu özboluşly barlaglar Çehiýanyň, Polşanyň, Germaniýanyň, Ispaniýanyň we Fransiýanyň şäher ýerlerinde alnyp barlyp, onda guşlaryň 77 görnüşi boýunça jemi 2701 gözegçilik hasaba alyndy.
Tejribäniň takyklygyny üpjün etmek üçin meňzeş boýly we birmeňzeş reňkli eşik geýnen erkek we zenan synçylar gatnaşdyryldy. Alymlar guşlaryň uçup gitmek aralygyny ölçemek arkaly, haýwanlaryň ýyrtyjylar bilen ýüzbe-ýüz bolandaky töwekgelçiligi nähili kabul edýändiklerini öwrendiler. Barlaglaryň netijesinde, guşlaryň erkekleriniň urkaçylaryna garanyňda töwekgelçilige has durnuklydygy anyklandy.
Ylmy işiň awtorlary jynsyna baglylykda ýüze çykan bu durnukly kanunalaýyklygyň ähli bäş ýurtda hem tassyklanandygyny belleýärler. Muňa garamazdan, guşlaryň beýle özüni alyp baryşlarynyň takyk sebäpleri we içki mehanizmleri heniz doly belli däl. Bu täsin ýagdaýyň düýp mazmunyny aýdyňlaşdyrmak üçin geljekde goşmaça ylmy barlaglaryň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.
PDF









