7-nji maýda Watikanyň Apostol köşgünde Rim Papasy Lew XIV Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet sekretary Marko Rubiony kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ynsanperwer gymmatlyklary dabaralandyrmaga gönükdirilen meseleler boýunça giň gerimli pikir alyşmalar boldy.
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmi beýanatynda bellenilişi ýaly, taraplar Mukaddes Tagt bilen Waşingtonyň arasyndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyna ýokary baha berip, halkara giňişliginde durnuklylygy üpjün etmekdäki hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar. Gepleşikleriň dowamynda Ýakyn Gündogardaky ýagdaýlary parahatçylykly ýollar bilen kadalaşdyrmak we sebitara hyzmatdaşlygy täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak baradaky meselelere aýratyn üns berildi.
Şeýle hem Döwlet sekretary Marko Rubio Watikanyň Döwlet sekretary kardinal Pýetro Parolin bilen ikiçak duşuşyk geçirdi. Dostlukly we sypaýyçylykly ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda taraplar diplomatik dialogyň dünýä syýasatyndaky ähmiýetini bellediler. Gepleşikleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän käbir halkara meseleler barada durlup geçmek bilen, umumy parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.
Konstruktiw häsiýetde geçen bu diplomatik duşuşyklar taraplaryň özara bähbitli we birek-birege hormat goýmak esasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge meýillidigini görkezdi.