Germaniýanyň Zenkenberg ylmy-barlag institutynyň alymlary tarapyndan geçirilen täze barlaglar guşlaryň dürli görnüşleriniň we olaryň saýramagynyň ynsan bagtyna täsiriniň maliýe girdejilerden hem ýokarydygyny ýüze çykardy. Ýewropanyň 26 döwletinden 26 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda geçirilen bu ylmy iş, tebigatdaky görnüşleriň köp dürlüliginiň adamyň öz durmuşyndan razylygyna gönüden-göni täsir edýändigini subut etdi. Barlagyň netijelerine görä, ýaşaýyş gurşawynda guşlaryň görnüşiniň sanynyň 10 göterim artmagy, ynsanyň özüni bagtly duýmagyna girdejiniň şonça mukdarda artmagyndan hem güýçli itergi berýär. Ylmy barlaglaryň netijeleri ýaşaýyş gurşawyndaky guşlaryň görnüşleriniň 14-e ýtmeginiň adamda döredýän ruhy kanagatlylygynyň, maşgala girdejisiniň her aýda ortaça 124 ýewro ýokarlanmagyna deňdigini görkezýär.
Şeýle hem 2025-nji ýylda geçirilen goşmaça tejribeler tebigatda gezelenç etmegiň we guşlaryň sesine üns bermegiň fiziologik taýdan saglyga peýdalydygyny görkezdi. Bu barlaga gatnaşanlarda gan basyşynyň peselmegi, ýürek urşunyň kadalaşmagy we organizmdäki “stres gormony” bolan kortizolyň derejesiniň ep-esli aşaklamagy bellenilip geçildi. Alymlaryň pikirine görä, guşlar diňe bir bagtyň çeşmesi bolman, eýsem, ekologiýanyň arassalygynyň we biodürlüligiň hem esasy görkezijisidir. Esasan hem, şäher ýerlerinde guşlaryň saýramagy ynsanyň tebigat bilen arabaglanyşygyny saklap, ruhy hem-de fiziki taýdan dikelmegine ýardam edýär.