ABŞ-da geçirilen täze bir barlagda tebigatda gezelenç edilýän wagty guşlaryň sesini eşitmegiň adama ruhy lezzet berýändigi ýüze çykaryldy. Tebigatda gezelenç etmegiň adamyň fiziki we ruhy saglygy üçin peýdalydygy ozaldan mälimdi. Soňky barlaglarda bolsa, gezelenç edilýän wagty guşlaryň sesini eşitmegiň hem adamyň özüni gowy duýmagyna sebäp bolýandygy anyklandy.
ABŞ-da geçirilen barlagda tebigatyň jümmüşinde wagt geçirmegiň adama nähili täsir edýändigi öwrenildi. Danille Ferraronyň ýolbaşçylyk eden barlagynyň çäklerinde seýilgähiň bir böleginde az sanly guşuň sesi, beýleki böleginde has köp guşuň sesi eşitdirildi. Ýene bir böleginde bolsa, hiç hili ses eşitdirilmedi. Netijede, gezelenç edýänleriň arasynda guşlaryň sesini diňlänler özlerini has gowy duýýandyklaryny aýtdylar. Has köp guşuň sesini eşidenler bolsa hem özlerini gowy duýýandyklaryny, hem-de seýilgähde has köp guşuň bolmagynyň özlerini begendirýändigini mälim etdiler.
Süleýman HOLMATOW,
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.