Gyrgyzystan Respublikasy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna öz dalaşgärligini hödürläp, bu guramanyň düzüminde Aziýa, Afrika we Latyn Amerikasy ýurtlarynyň wekilçiligini giňeltmek arkaly düýpli özgertmeleri geçirmäge çagyrdy. Ýurduň daşary işler ministri Žeenbek Kulubaýew Gyrgyzystanyň şeýle özgertmeleriň durmuşa geçirilmeginde araçy hökmünde çykyş etmäge we köptaraply diplomatiýany berkitmäge taýýardygyny mälim etdi.
Gyrgyzystan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine saýlanan ýagdaýynda ösüp barýan, kiçi we deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň bähbitlerini goramagy, öňüni alyş diplomatiýasyny, klimat howpsuzlygyny hem-de özara ynamy berkitmegi esasy ugurlar hökmünde ileri tutmagy meýilleşdirýär. Gyrgyz tarapynyň bellemegine görä, Howpsuzlyk Geňeşi diňe sanly döwletleriň bähbidine hyzmat etmän, eýsem, onuň kabul edýän çözgütlerinde dünýäniň ähli ýurtlarynyň bähbitleri deň derejede göz öňünde tutulmalydyr. BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş hem öz gezeginde guramadaky özgertmeleriň eýýäm wagtynyň geçendigini we aslynda dünýäde parahatçylygy saklamak jogapkärçiliginiň uly bölegini öz üstüne alýan sebitleriň resmi ygtyýarlyklarynyň giňeldilmeginiň zerurdygyny tassyklady.
PDF









