Gyş paslynyň gelmegi bilen köp iýilýän miweleriň biri hem mandarin bolsa gerek. Sitrus miweleriniň bir görnüşi bolan bu miwe hoşboý ysy we işdäňi açyjy süýjümtik tagamy bilen tapawutlanýar. Mandariniň Ata Watany Günorta-Gündogar Aziýa (hindi-hytaý) sebiti hasaplanýar. C witaminiň çeşmesi bolan bu miwe terligine iýilmek bilen bir hatarda, süýjüliklere, işdäaçarlara goşulýar hem-de şerbet taýýarlanylýar. Mandariniň ýukajyk gabygyny aňsatlyk bilen aýryp bolýar. Mandariniň gabygyndan alynýan efir ýagy süýjüliklere, želatine, doňdurma we sakgyja tagam bermek üçin ulanylýar. Käbir ýurtda çörek önümlerine hem mandariniň gabygyndan alynýan efir ýagy goşulýar.
Mandariniň ilkinji ösdürilip ýetişdirilen ýeri Nanlin daglarynyň etegi (Hytaý) bolup, XIX asyrda Ýewropa getirilýär. Adatça, miwesi gyşda ýygnalýan mandarin agajynyň boýy 7,5 metre çenli ýetýär. Baldagy tikenli bu agajyň bir düýbi 70-80 kilograma çenli miwe berýär. Mandarin agajy çalt ösýär. Ilkibaşda «Apfelsin» (hytaý almasy) ady bilen tanalan bu miwä fransuzlar «mandarin» diýip at berýärler.
Içi bölek-bölek bu miwäniň turşulygy beýleki sitrus miwelerinden pes bolup, suwly we süýji bolýar. Sarydan mämişi reňkli gyş miwesiniň dünýäde ýüzlerçe görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Häziriki wagtda dünýäde her ýyl 38-44 million tonna mandarin hasyly alynýar. Mandarin önümçiliginde Hytaý, Hindistan, Türkiýe, Ispaniýa, Braziliýa we Marokko ýaly ýurtlar öňdeligi eýeleýär. Kanada, ABŞ, Ýaponiýa ýaly ýurtlarda mandarinli sebetler sowgat hökmünde berilýär.
PDF









